Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Milli Liderimiziň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz günsaýyn ösýär özgerýär ösüşiň täze belentliklerine tarap barha öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz ähli ulgamlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyny Halkara derejesinde ösdürmek, ony iň bir girdejili pudaga öwürmek, halkymyzyň, oba adamlarynyň hal ýagdaýyny gowulandyrmak, bolelin durmuşda ýaşamagyny gazanmak maksady bilen gysga döwürde asyrlara barabar döwletli işleri durmuşa ornaşdyrdy. Biziň Boldumsaz etrabymyzyň edermen, zähmetsöýer babadaýhanlary Döwlet tarapyndan döredilýän ähli-şert mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýylyň-ýylyna guş-gursak ak bugdaýy, ösdürip ýetişdirip döwlet harmanyna olaryň müňlerçe tonnalaryny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirýärler. Şu günler edermen daýhanlarymyz üçin iň bir jogapkärli döwür dowam edýar etrabymyzyň Bugdaý, pagta we gök bakja kärendeçileri arman ýadaman zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiz daýhanlara suwdan, dökünden, tehnikadan ýeňillikli peýdalanmaga berýän mükinçilikleri üçin köp köp sag bolsun aýdýarlar Şu ajaýyp döwürde zähmet çekmek, zähmetkeşleriň hatarynda bolmak, amala aşyrylýan işlere goşant goşmak diýseň uly bagtdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hemde Arkadagly Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň saýasynda döredilýän mümkinçilikleriň döwlet tarapyndan bugdaýyň kepegini, pagtanyň sary ununyny we şugundur lötütini daýhanlara berilmegi bolsa Kärendeçi babadaýhanlaryň buýsanjy artyp Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýdýarlar.
Şu ýyl Etrabymyz boýunça 22500 gektar güýzlik bugdaýyň häzirki wagtda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda Guwanç Atamedow, Döwletli, 27–nji oktýabr, Baýdak, Agzybirlik Türkmenistan, Zähmetkeş, 10-ýyl abadanlyk we beýleki daýhan birleşiklerde güýçli depginde alnyp barylýar.
Bu gazanylýan üstinliklerde ýetilýän belent sepgitlerde biziň Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işjeň agzalarynyň bardygy buýsandyryjydyr. Ýeriň berekedini artdyrmak, wagtynda bejergi we ideg etmek, dökün bilen iýmitlendirmek, suw bilen üpjün etmek boýunça aýratyn alada edilýär. Munuň aňyrsynda Hormatly Prezidentimiziň uly aladalary bar. Şol aladalar öz netijesini hem berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hemde Arkadagly Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, ”Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar” ýylynda Türkmenistanyň Agrar pariýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleri ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklary has-da dabaralandyrmak maksady bilen degişli edara-kärhanalar bilen bilelikde ýörite maslahatlary, duşuşyklary, bäsleşikleri yzgiderli geçirýäris. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda oba hojalyk ulgamynda ýetilýän belent sepgitler, oba hojalygyny senagatlaşdyrmak, ykdysady garaşsyzlygy mundan beýläkde berkitmek boýunça alynyp barylýar.
Şunuň bilen bir hatarda etrabymyzyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň öz işine ezwer ussalary häzirki wagtda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň bugdaý ekişine berk taýarlyk görüp, traktorlary bökdençsiz işlemekleri üçin kemsiz gözden geçirip işledilmäge doly taýarlyk görülýär. Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda bar bolan “Klass” “Johonder” kysymly traktorlary, degişli hünärmenler tarapyndan gözden geçirilip bugdaý ekişine doly taýar edilýär. Kärhanada ussaçylyk bölüminiň ençemesi bolup, bu ýerdäki işine ezwer ussalar abatlaýyş işlerinde aýratyn jogapkärçilik bilen zähmet çekýärler. Abatlaýjylaryň öndürjilikli işlemekleri üçin kärhanada ähli şertler bar.
Jumakow Ýusup Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy