Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda Gahryman Arkadagymyz özüniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy mähriban ildeşlerimiziň şatlygyny, buýsanjyny goşalandyrdy. Çünki Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat eden «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitaby hem Milli Liderimiziň beýleki eserleri ýaly hemmämiz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly maglumatlardan doludyr. Bilşimiz ýaly, bu täze neşir Gahryman Arkadagymyzyň durmuşda dogry ýoly tapmak, manyly ömür sürmek, maşgala mukaddesliklerine hormat goýmak ýaly milli ýol-ýörelgelerimiz barada söz açýan «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň dowamatydyr. Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly ömür ýolundan, baý iş tejribesinden, döwleti dolandyrmakdaky baý tejribesinden söz açýan çuňňur mazmunly kitaby halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Şonuň ýaly-da täze kitapda Milli Liderimiziň köpugurly edebi döredijiliginde türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleri, milli däp-dessurlary we milli esaslary öz beýanyny tapýar.
Türkmen halky taryhyň dowamynda özüniň mizemez ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de asylly ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesiller, olaryň saglygyna, zähmetsöýerlik hem-de ene topraga çäksiz söýgi ruhunda hemmetaraplaýyn bilimli we terbiýeli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine uly üns beripdir. Täze taryhy eýýamda bu ýörelgeler Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam etdirilýär. Şundan ugur alsak, «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitap ýaş nesiller, şol sanda her bir adam üçin durmuşda öz mynasyp ornuňy tapmakda gymmatly ýol görkeziji eser bolar.
Aslynda, Milli Liderimiziň ýiti galamynyň astyndan çykan her bir eseriň çeper dilliligi, pikir yzygiderliligi, durmuş hakykatlaryna baýdygy üçin halka has ýakyndyr. Şonuň ýaly-da bu kitaplarda milletimiziň şöhratly taryhyna göz aýlamaga, halkymyzyň döreden gymmatlyklaryna buýsanmaga, milliligimize buýsanmaga giň mümkinçilikleri açýar. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň eserlerine biziň her birimiz sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şonuň ýaly-da Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp kitaplarynyň, dürdäne eserleriniň dünýä dillerine terjime edilmegi türkmen medeniýetini, şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler açylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň täze elimize gowşan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň hem durmuş pelsepelerine baý bolan jümlelerden, pikir-garaýyşlardan ybaratdygy üçin halka has ýakyn bolar. Şonuň ýaly-da bu täze neşir ýaşlarymyzy milli ahlak ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemäge, olaryň durmuş ýörelgelerine uýmaklaryny gazanmakda ähmiýetli gollanmalaryň biri bolar.
Bize şeýle ähmiýetli eserleri yzygiderli sowgat edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, galamynyň ujunyň ýiti bolmagyny arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň esasy hünärmeni Irina Hemrakulyýewa