Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Gyzgalaňly işler alnyp barylýar

“Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyňdaýhanlar barada edýän ýadawsyz aladasy, berýän kömekdir, goldawlary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy uly ösüşlere we özgerişlere eýe bolýar. Oba milli Maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, oba hojalygyny düýpli özgertmekde hem-de toplumlaýyn ösdürmekde uly işleriň alnyp barylmagy netijesinde pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilişi ýyl-ýyldan artýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet tarapyndan pagtanyň, bugdaýyň satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere ýeňillikli karzlaryň berilmegi ekerançylaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, sahawatly toprakdan has köp hasyl almaga ýardam edýär. Ýokary hasyl öndürmekde oba zähmetkeşlerine tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar hem-de ösümlikleri zyýankeşlerden goraýan himiki serişdeler ýeňillikli bahalardan berilýär. Döwletimiz dünýäniň ýokary öndürijilikli, işlemek üçin ähli amatlyklary bolan tehnikalary yzygiderli satyn alýar. Daýhanlar bilen olaryň öndüren önümleri üçin hasaplaşyklar öz wagtynda amala aşyrylýar. Bularyň ählisi daýhanlara oba hojalyk önümlerini ýokary hilden has köp öndürmäge höwes döredýär.

Ata Watanymyzda ene toprak bilen iş salyşýan, oňa maňlaý derini siňdirýän, yhlas bilen zähmet çeken adama aýratyn uly sarpa goýulýar, oňa mynasyp baha berilýär. Bu zatlaryň özi her bir adam üçin örän uly bagtdyr.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwadyny artdyryp, oba hojalygyny ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimiziň welaýatlary mundan beýläk-de ösdürmekde, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde edýän tagallalarynyň ýerine düşýändigi Watan harmanyna tabşyrylan bol hasyllarda aýdyň görünýär.
Ine şu günler hem pagta ýygymyna taýýarlyk görmek, tehnikalary ýygyma taýýarlamak, işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu bolsa edermen babadaýhanlarymyzyň gowy netijeler gazanyp, üstünlikli zähmet çekýändiklerine şaýatlyk edýär. Biz hem Agrar partiýanyň işgärleri bolup, daýhanlara ýardam bermekde, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada berýän tabşyryklaryny ilat arasynda giňden wagyz-nesihat edip zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Bize ähli mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.

 

Halmämmedowa Mähri,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň

Ak bugdaý etrap komitetiniň esasy hünärmeni.