Şu günler ýurdumyzyň beýleki künjekleri bilen deň hatarda Lebap welaýatynyň etrap, şäherlerinde syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik guramalaryň gurnamaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherindäki Ruhyýet köşgünde mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň, mugallymlaryň gatnaşmagynda geçiren okuw sapagynda eden taryhy çykyşyny wagyz etmek maksatly söhbetdeşlikler, hoşallyk maslahatlary uly ruhybelentlik bilen geçilýär.
Ine şeýle hoşallyk maslahatlarynyň biri-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat we Türkmenabat şäher komitetleriniň hem-de Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenabadyň maliýe we ykdysadyýet müdirliginde geçirildi.
Hoşallyk maslahatynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar we mugallymlar buýsançly we täsirli çykyşlar etdiler.
Çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň okuw maslahatynda eden taryhy çykyşyny ylmy we durmuşy nukdaýnazardan öwrenýändiklerini, her gezek okanlarynda durmuşda gabat gelýän soraglaryna jaýdar jogap tapýandyklaryny belläp geçdiler we her haýsysy öz şahsy garaýyşlaryny, buýsançlaryny biren-birenleri bilen paýlaşdylar. Çykyşlarda Milli Liderimiziň taryhy çykyşynyň II bölüminden ybaratdygyny, onuň I bölüminde ata Watanymyzyň goşa ganatlary hasaplanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyz, şanly Bitaraplygymyz hakynda gymmatly maglumatlar berilýändigini jaýdar belläp geçdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten sepgitlerimiz, pudaklarda we durmuş ulgamynda gazanan üstünliklerimiz, geçilen ýollar, döredilen giň şertler dogrusynda aýdan her bir gyzyla gaplamaly sözlerini birme-bir ýatlap geçdiler.
Okuw sapagynyň II bölümi hakda çykyş edenler düýpli we giňişleýin durup geçdiler we Gahryman Arkadagymyzyň Watan mukaddesligi, maşgala abadançylygy, ýaşlara berilýän terbiýe, bilim barada, sanly ulgamy ulanmagyň milli aýratynlyklary, kitap okamak, bilimini artdyrmak barada beren öwüt-ündewleri, atalyk aladalary barada joşgunly çykyşlary etdiler. Hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar maslahatyň soňunda Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny beýan edip ýüzlenme kabul etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri
Bagtyýar Derkarow