Häzirki wagtda ýeri esasan himiki dökünler bilen imitlendirýäris, dökün ýeriň hasyllylygyny artdyrmak üçin örän oňaýly hasaplanylýar. Gyzyl gurçuklar organiki arassa dökün, (biogumus) ol ösümlikler üçin gowy iýmit maddasy hasaplanýar. Gurçuklar 1 tonna dersi gaýtadan işlänlerinde düzümi 25-40% ýagny 600 kg (biogumus) gumus döküni emele getirýär. Biogumus gök bakja we miweli ekinler üçin örän ýokumly organiki dökün bolup hyzmat edýär. Ol ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyryp, ösümlikler üçin gowy iýmit çeşmesi bolýar.Ony bakja ekinlerine berseňiz ekiniň hasyllygy 30-35% ýokarlanar. Eger ony bagyňyzdaky miweleriňize berseňiz onuň hasyllygy 35-40% ýokarlanar ýöne miwelere berilmeli möçber 1-agaja 300 gr-dan geçmeli däl. Egerde ony köp meýdana berjek bolsaňyz, ýagny 1 ga ýer alma meýdanyna çägesow toprak bolsa 6 tonna, gara toprak bolsa 2 tonna biogumus bermeli. Onsoň bu ýeriň hasyllygy 30-40% artyp, ýer almanyň düzümindäki krahmalyň mukdary hem köpeler. Egerde şol möçberi bag ekjek ýeriňize berseňiz onda ýeriň hasyllygy 50-60% ýokarlanar.Biogumus düzümi boýunça minerallara baý hasaplanýar.