Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk hojalygynyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň oba hojalygynda hem üstünlikler gazanylýar. Altyn-zere barabar görülýän türkmen topragyna örküni baglan gallaçy kärendeçiler zähmetiň soňunyň rähnetdine gowy düşünýärler.Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň guwanç bilen nygtaýşy ýaly, oba hojalyk önümlerini öndürüjilere ýeňillikleriň berilmegi, öňdebaryjy kärendeçileriň we ýer eýeleriniň, ussat mülkdarlaryň zähmetine ýokary baha berilmegi ýurdumyzda daýhan zähmetine belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Ak bugdaýyň gadymy Watany hasaplanýan türkmen topragynda bu günki günde hem türkmen daýhanlarynyň arman-ýadaman çekýän zähmetleriniň netijesinde müňlerçe gektar ýere güýzlik bugdaý ekilişigi güýçli depginde alnyp barylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryna esaslanyp edermen gallaçylarymyz güýzlik bugdaý ekişine gyzgalaňly girişmekleri bilen bu jogapkärli möwsümi etrabymyz boýunça 15500 gektar ýere güýzlik bugdaý hasylyny östürüp ýetişdirmeklik üçin niýetlenip häzirki wagtda jemleýji tapgyrlary gyzgalaňly dowam edýär.Ýagny 2024-nji ýylyň bugdaý hasylynyň ekilişinde has öňde baryjy daýhan birleşikleriň hatarynda etrabymyzyň H.Myradow adyndaky daýhan birleşigi hem-de Berkarar daýhan birleşigi bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda oba hojalygyny iň bir girdejili pudaga öwürmek baradaky taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bu günki günde ylmy esasda hem-de babadaýhanlarymyzyň köpýyllyk tejribelerine daýanylyp ýerden bol hasyl almak,ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak,alynýan hasylyň girdejileriniň hasabyna ýere edilýän çykdajylaryň peseldilmegini gazanmak,ýerden, suwdan rejeli peýdalanmak halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyny has hem gowulandyrmak işleri durmuşa geçirilýär.
Etrabymyzyň ekerançylyk meýdanlaryna nazar aýlanyňda işläp ýören ABŞ-nyň jon deer, keýs,Germaniýanyň Klass kysymly oba hojalyk tehnikalaryny göreniňde ýurdumyzda oba hojalygyna berilýän ünsüň nähili derejede ýokarydygyna göz ýetirmek bolýar.Ak altyna deňelýän pagta hasyly üçin etrabymyz boýunça 17500 gektar ýere gowaça ekini ekilip, bol hasyly ýetişdirildi.Alynmaly hasyly 34100 tonna barabar bolup,häzirki wagtda etrabymyzyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda pagta ýygýan kombaýnlaryň 19 sanysy taýýar edilip, gowaça hasylynyň her bir gozasyny zaýasyz ýygnamakda işledilip başlandy.Etrabymyz boýunça gowaça hasylyny ýygnap almakda zähmetsöýer kärendeçilerimiziň şeýle hem has öňde baryjy daýhan birleşikleriň hatarynda H.Myradow adyndaky daýhan birleşiginiň we Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň görkezijileriniň ýokary bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ynha ýaňy ýakynda etrabymyzyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde geçirilen medeni hyzmat çäresinde zähmetsöýer kärendeçilerimizi,Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Etrap komitetiniň adyndan höweslendirji sowgatlary gowşuryldy.Bu gyzgalaňly möwümde partiýanyň işgärleri bolup oba ýerlerinde wagz-nesihat işlerini geçirip.kärendeçilerimiziň armasyny ýetirip, birnäçe çäreleri geçirýäris.
Umuman aýdanyňda “Ene ýere yhlasly hyzmat edibilseň ýer hem berekedini bolluk bilen eçilýär” diýilişi ýaly, oba hojalygynda alyp barýan zähmetiňiziň netijesi rysgal çeşmesi bolsun! Edermen kärendeçi daýhanlarymyz! Goý şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren,obalarymyzy şäher derejesine ýetirmek üçin gije-gündiz ýadawsyz aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidetimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun.Tutýan il bähbitli döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin.
Ýazan: Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap komitetiniň Baş hasapçysy Işankulyýewa Läle