Türkmen halkynyň taryhynda maslahatlaşmak, geňeşmek bilelikde çözgüt tapmak ýaly ýörelgeler örän gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Ata-babalarymyz ähli zerur meseleleri halkyň arasynda maslahat edip çözmegi möhüm iş hasaplapdyr. Häzirki döwürde bu asylly däp döwrebap görnüşde dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Halk maslahaty bolsa bu däbiň döwrebap dowamy bolup, jemgyýetimiziň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Bu giň gerimli syýasy çäre ýurdumyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň berkidilmeginde, demokratik esaslaryň ösdürilmeginde, halk bilen döwlet häkimiýetiniň arasynda aýdyň aragatnaşygy üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda, 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Halk Maslahaty hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň jemlenýän, täze maksatlaryň kesgitlenýän we halk bilen döwlet dolandyryşynyň özara gatnaşygynda täze sahypa açýan möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka boldy.
Halk Maslahaty diňe bir geňeşmek däl, eýsem halkyň sesiniň döwlet derejesinde eşidilmegini üpjün edýän syýasy forumdyr. Bu bolsa döwletimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrýar. Şeýle giň gerimli çäreleriň geçirilmegi halkyň döwlet syýasatynyň döredijisi hökmünde çykyş etmegine mümkinçilik berýär.
Geçirilen Halk Maslahaty ýurdumyzyň syýasy taryhynda aýratyn orun eýeledi. Maslahatda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy, giň temalar boýunça çykyşlary, ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini açyp görkezdi.
Maslahatyň gün tertibinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösdürilişi, oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeler, jemgyýetçilik durmuşynda öňdebaryjy başlangyçlar, halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi, ýaşlaryň terbiýesi we bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda we başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi. Bu ugurlar boýunça öňde duran wezipeler kesgitlenip, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça hasabatlar diňlenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösüşiniň täze maksatlary beýan edildi.
Halk Maslahaty diňe bir syýasy çäre bolman, eýsem jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň gatnaşmagynda milli ösüş maksatlarynyň kesgitlenýän giň meýdançasydyr. Bu ýerde kabul edilýän çözgütler halkymyzyň isleg-arzuwlaryna esaslanýar. Şeýlelikde, halk öz ýurdunyň ösüşiniň gönüden-göni gatnaşyjysyna öwrülýär.
Halk Maslahaty türkmen jemgyýetiniň syýasy durmuşynda möhüm orna eýe bolup, döwletiň ösüş maksatlarynyň kesgitlenýän beýik meýdançasydyr. 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen maslahat hem Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş ýolunda möhüm ähmiýetli waka hökmünde taryha girýär.
Maslahatda beýan edilen meseleler, kabul edilen çözgütler ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk hem ösdürmekde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýetini dowam etdirer.
Nepesow Süleýman
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Aşgabat şäher komitetiniň baş buhgalteri