Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Halk Maslahaty – agzybirligiň we ösüşiň binýady!

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň gurnamagynda ýurdumyzda Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerine we Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlap “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň jogapkär işgärleri, işjeň agzalary, etrap medeniýet bölüminiň işgärleri, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri etrabyň jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri işjeň gatnaşdylar we çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Garaşsyzlygyň türkmen halkyna beren bagty, altyndan tagty, il-günüň ýaşamagy, işlemegi, medeniýetli dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri mynasybetli durmuşa geçirilen toplumlaýyn we yzygiderli işleri buýsanç bilen belläp geçdiler. Çykyş edenler Milli Liderimiziň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda türkmeniň meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek we dünýä tanatmak boýunça milli hem-de halkara derejede dürli çäreler geçirilýär. Şu ýylyň başyndan bäri atçylyk sporty bilen meşgullanýan ýaşlarymyz Özbegistanda, Azerbaýjanda, Türkiýede we beýleki ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilen halkara festiwallara, maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary ussatlyklaryny görkezdiler. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Beýik Britaniýada, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda atlar we atçylyk sungaty bilen bagly çäreler guraldy. Atşynaslardyr hünärmenler bilen duşuşyklar geçirildi. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary şu ýyl Azerbaýjanda we Türkiýede türkmen milli atçylyk sungaty boýunça ussatlyk bilen çykyş etdiler. Meşhur çapyksuwarlarymyz Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guralan atly sport çärelerinde üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldular. Umuman, bedew ýylynda ahalteke atlarymyz babatda köp sanly uly ähmiýetli işler amala aşyryldy. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli möhüm çäreleri geçirmek göz öňünde tutulandygy barada eden çykyşyny ýatladylar. Çykyşlarda peder ýoluny dowam etdirip, bizi bagtyň gujagynda ýaşadýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Garaşsyzlygymyzy dünýä ýaýmakda, halk üçin ähli şertleri, mümkinçilikleri döretmekde alyp barýan döwletli işleri üçin tükeniksiz alkyşlar belent ruhda ýaňlandy.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň buhgalteri Rozyhal Piriýewa