Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dünýä ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda giň gerimli işleriň alnyp barylýar.
2025-nji ýylda ýurdumyzda möhüm iri halkara çäreler ýokary derejede geçirilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny görkezmek bolar.
Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Maslahatyň hem-de onuň dowamynda geçiriljek ugurdaş çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň hökümet Baştutanlarynyň, kiçi ada döwletleriniň, az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni çäreleriniň geçirilmegi boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Häzirki döwürde halkara ykdysady gatnaşyklarynyň giňelmegi, ýurtlaryň arasyndaky söwda we hyzmatdaşlyk baglanyşyklarynyň güýçlenmegi dünýäniň ähli döwletleriniň ykdysady ösüşiniň möhüm şertine öwrüldi. Şeýle-de bolsa, bu ösüşden deň derejede peýdalanmak mümkinçiligi ýurtlaryň geografik ýerleşişine we ulag-aragatnaşyk mümkinçiliklerine gönüden-göni bagly bolup durýar.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler — geografik taýdan deňiz portlaryna göni çykalgasy bolmadyk ýurtlar dünýäniň ykdysadyýetinde aýratyn ýagdaýda durýarlar. Bu ýurtlaryň halkara söwdasynda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ýeňip geçmek, olary dünýä ykdysady ulgamyna has doly goşmak maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan birnäçe halkara başlangyçlar öňe sürüldi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilýän bu maslahat diňe bir sebitleýin ähmiýetli çäre bolman, eýsem bütin dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň meselelerine gönükdirýän möhüm halkara platformadyr.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda alyp barýan Bitaraplyk syýasaty, halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, özara ynanyşmaga, deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilen birnäçe halkara forumlaryň, maslahatlaryň we duşuşyklaryň esasy maksady — ýurtlaryň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary ösdürmek bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň BMG-niň giň gerimli maksatnamalaryna goşulmagy, şeýle hem ulag-logistika we energetika ulgamlarynda birnäçe halkara geçelgeleriň döredilmeginde öňdebaryjy orun almagy, ýurdumyzy sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm merkezine öwürdi.
Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem tutuş sebitiň durnukly ösüşi üçin hem uly ähmiýete eýedir. Awaza forumy bolsa şol başlangyçlaryň ýokary derejede durmuşa geçirilmeginiň mysalydyr.
Awazada geçiriljek çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry: halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlislerini; ýokary derejedäki tematik «tegelek stollary» (5 sany); ýokary derejedäki 7 sany forumy öz içine alýar. Bu ýokary derejeli çäreler toplumy degişli ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge, öňde durýän wezipeleri aýdyňlaşdyrmaga, oňyn tejribeleri paýlaşmaga we anyk çözgtleri kabul etmäge ýardam eder.
Tuwakow Mirhan
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Aşgabat şäher komitetiniň
başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi