Asyrlar boýy halylar adamzat ýaşaýşynyň hemrasy bolupdyr. Olaryň meşhurlygy häzirki günlerde hem pese gaçmaýar. Ermitaž muzeýinde dünýä gymmatlygy hasaplanýan gadymy pazyrak halysyny görmek bolýar. Ol özüniň ilki başdaky görnüşini saklap galmagy başarypdyr. Bu gymmatly tapyndy depäniň buzly gatlagynyň astyndan tapyldy. Halyçylyk adamzadyň ele alan hünäriniň iň ilkinjileriniň biri hasaplanýar. Ululygy boýunça dünýäde iň äpet haly hökmünde «Altyn asyr» atly türkmen halysynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna, türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ähli türkmenistanlylar üçin juda ýakymlydyr we buýsançlydyr.
Özüniň iňňän nepisligi, inçeligi, gözgamaşdyryjy owadanlygy bilen göreni haýrana galdyrýan türkmen halysy türkmeniň diňe bir milli baýlygy ýa-da gymmatbaha senagat önümi bolmak bilen çäklenmän, türkmen milletiniň aýratynam türkmen zenanlarynyň buýsanjy iňňän çylşyrymly el hünäri, ýürekleriniň owazyny beýan edýän bir sungat eseridir. Halynyň her biri göli, öýdümi, nagyşy uly mana beslenendir. Gahryman Arkadagymyz bu sungaty ýöne ýerden türkmeniň kalbyna meňzedenok. Ol özüniň türkmen halysy hakyndaky eserlerinde halynyň inçe syrlaryny has aýdyň, çuň we juda manyly beýan edýär.
Bu gün Garaşsyz, Baky Bitarap türkmen Döwletinde haly sungaty baý taryhy-medeni mirasy hökmünde iňňän aýawly saklanýar. Bu sungatyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi, ene-mamalarymyzdan galan mirasyň asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirilmegi üçin örän ýokary derejelerde alada edilýär. Bu ajaýyp sungaty döredýän ezber elli halyçy gelin-gyzlara döwlet baştutanymyz tarapyndan uly hormat goýulýar. Halyçy gelin-gyzlara işlemek üçin amatly şertler döredip, fabrikleri, önümçilik ussahanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Her ýylyň maý aýynda bolsa olaryň ýörite döredilen baýramçylygy döwlet derejesinde bellenýär we ol baýramçylykda halyçy gelin-gyzlara döwlet tarapyndan hormatly atlary dakylýar, gymmat bahaly sowgatlar berilýär.
Biziň Halaç etrabymyzda hem bu inçe senediň öndürmeklik ýyl saýyn giň-gerim alýar. 1958-nji ýylda halyçy gelin-gyzlaryň kiçijik bir topary bilen başlanan bu iş 1979-nji ýylda özbaşdak önüm öndürýän önümçilik kärhana derejesine çenli ösdi. Bu gün özünde 2200-den gowrak çeper elli halyçy gelin-gyzlary jemleýän kärhana ýurdumyzyň ýokary hili haly önümleriniň uly möçberini öndürýän öňdebaryjy senagat ojagyna öwrüldi. Bu kärhanada hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna, hormatly atlaryna mynasyp bolan halyçylar barmak basyp sanardan köp. Halaç haly kärhanasy halylaryň has uly we üýtgeşik görnüşlilerini dokmakda ýurdumyz boýunça işleýän ugurdaş kärhanalarynyň arasynda tapawutlanýar. Haly kärhanasy ýyl geçdigi saýy giňelýär, önümçilik ussahanalarynyň we onda haly dokmaga isleg bildirýän ýaşlaryň sany barha köpelýär. Bu gün diňe Halaç şäherinde däl, eýsem ýurdumyzyň beýleki şäherdir - obalarynda hem haly dokmaga höwesekler artýar. Şoňa görä-de kärhanalaryň ýolbaşçylary oba ýerlerinde hem önümçilik ussahanalaryny gurmagy meýilleşdirýärler.
Ajaýyp halylarymyzyň asylky şöhratyny dünýä dolduran mähriban Gahryman Arkadagymyzy, üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle hem üýtgeşik gözelligi döredýän halyçy gelin-gyzlarymyzy, ähli watandaşlarymyzy maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy bilen gutlaýaryn!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Marýam Ibadullaýewa