Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

HASYL BAÝRAMY, BEREKET-BOLÇULYGYŇ BAÝRAMY

Bereket-bolçulygy, päk zähmete goýulýan belent sarpany alamatlandyrýan Hasyl toýuň dabaralary welaýatymyzyň ähli oba kendini, şäherçedir şäherlerini gurşap aldy. Welaýatymyzyň edermen pagtaçy babadaýhanlary 145 müň gektar gowaça ýetişdirilen ýerden “ak altynyň” 280 müň tonnadan gowragyny Watanymyzyň belent harmanyna goşup, Hasyl toýuny mynasyp zähmet üstünligi bilen garşyladylar. Nobatdaky ajaýyp zähmet üstünligi daýhanlarymyzyň topraga ýyl boýy eden yhlasynyň ýerine düşendiginiň dabaralanmasyna öwrüldi. Bagtyýar ildeşlerimiz hem toý dabaralaryna egsilmez şatlyk we ruhubelentlik bilen gatnaşdy.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda her ýyl uly dabara bilen bellenip geçilýän Hasyl toýunyň dabaralary daýhanlarymyzyň şatlygyna şatlyk goşdy. Şeýle toýly günde ýurdumyzyň hasyl ussatlaryna, janypkeş daýhanlara Gahryman Arkadagymyzyň Permany bilen Şa serpaýlarynyň gowşurylmagy, ene ýeri gözüniň göreji deýin saklap, ýurdymyzda datly naz-nygmatlaryň, bazarlarymyzy bezeýän gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýän daýhanlarymyzy zähmet üstünligine ruhlandyrdy.  Bu şatlykly pursat olaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Çärä gatnaşanlaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzy hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar we janynyň sag, başynyň dik, il ýurt bähbitli we bütin adamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

 Gurbanmyrat Durdymämmedow 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň

Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň baş hünärmeni