Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Lebaply babadaýhanlar ene topraga yhlas siňdirip, oba hojalyk önümlerinden bol hasyl ýetişdirip, azyk Garaşsyzlygymyzy berkarar etmäge öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. Toprakdan bol hasyl almak üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli şertleri döredip berýär. Buýsanç bilen belläp geçmeli zadymyz Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz obasenagat pudagyny düşewüntli pudaga öwürmek maksatly yzygiderli işleri durmuşa geçirdi. Daýhanlarymyzyň ýylyň ýylyna tohum, dökün, suw, kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýerleri uzakmöhletleýin kärendesine bermek, oba hojalyk işgälerine, kärendeçilere, daýhan hojalyklara döwlet banklaryndan ýeňillikli karzlar bermek, daýhanlar bilen hasaplaşyk işlerini geçirmek, daýhany höweslendirmek işleri durmuşymyzda öz beýanyny aýdyňlygy bilen tapdy. Bu günki gün pileçi, pagtaçy, gallaçy kärendeçiler bilen aralyk ekinleri ösdürip ýetişdirýän daýhanlar bilen, bagbanlar, maldarlar bilen, ýyladyşhana şertlerinde dürli oba hojalyk önümlerini öndürip ýören ildeşlerimiz bilen söhbetdeş bolanymyzda oba hojalyk pudagynda döredilýän giň şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözleri bize eşitmek ýygy-ýygydan miýesser edýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda biz welaýatymyzyň Kerki, Halaç, Saýat, Çärjew, Dänew etraplarynda Agrar syýasat gepleşigini taýýarlamak maksatly onlarça gezek iş saparlarynda bolup, açyk meýdanda önüm öndürýän kärendeçiler, sürüjiler, mehanizatorlar, oba hojalyk işgärleri, ýyladyşhana şertlerinde gök-bakja, suptropiki ekinleri ýetişdirýän ildeşlerimiz, maldarlar, bal arysyny idetýän we gaýtadan işleýän kärhanalaryň, dokma senagatynyň, galla, pagta senagatynyň işgärleriniň ençemesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň armasyny ýetirdik, olary zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdyk.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly Lebaply babadaýhanlar üçin hem bereketli ýyllaryň biri boldy. Olar döwlete pile, bugdaý, pagta, şaly tabşyrmakda we oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini ösdürmekde gowy netijeler gazanyp, hasyl toýuna sowgatly geldiler.
Şu günler hasyl toýuna bagyşlap, dabaraly maslahatlar, tegelet stoluň başyndaky söhbetdeşlikler, oba hojalyk sergileri gurnalyp, bu berekede beslenen toýuň dabarasy dag aşýar.
Şeýle dabaraly maslahatlaryň biri-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, welaýat kitaphanasynyň, agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda welaýat kitaphanasynda geçirildi. Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işjeň agzalary, döwlet sylaglaryna, orden-medallara mynasyp bolan oba hojalyk işgärleri, kärendeçiler, bagbanlar, maldarlar buýsançly çykyşlar etdiler. Olar öz çykyşlarynda oba hojalyk pudagyny düşewüntli pudaga öwüren Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirip, busançly çykyşlar etdiler we hasyl toýy bilen gutladylar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri Bagtyýar Derkarow