Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz gün saýyn ösýär özgerýär ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara şatlyk şowhunlara beslenýär diýarymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda ähli halk derejesinde bellenilýän Hasyl toýy jynapkeş babadaýhanlaryň alyn derini saçyp çekýän halal zähmetine, mähribän topragymyza siňdirýän päk yhlasyna belent sarpanyň nyşany bolup, kalplarymyzy heýjana getirýär..
Şol zähmetiň oňyn miweleri rysgal-berekediň altyn çäji bolup, milletimiziň agzybirlik suprasyny bezeýär.Watan harmanyna guşgursak gallanyň, “ak altyn“ egsilmez baýlygy bolup goşulýan bu hazyna halkymyzyň göwün ganaty, geljekki buýsançly ösüşlerimiziň binýady, bagtyýar geljegimize barýan ýolumyzyň altyn menzilleridir. Biz bu toýlary tutuş halkymyz bilen bilelikde toýlanymyzda, agzybirligimiziň halal hem tämiz gözbaşlaryna gaýtadan dolanýarys, eziz topragymyzyň gadymy hem müdimi bitewülik ýolunyň gursaklarymyzda mizemezligini beýan edýäris. Ýurdymyzyň edermen daýhanlary bu ýylda hem Hasyl baýramyna uly zähmet ýeňişleri bilen geldiler.Olaryň ýadawsyz zähmeti, mähriban topraga siňdiren päk yhlasy altynbaş sümmülleriň, her süýümi zümerret-zere deňelýän ak pagtanyň aňyrsyna- bärsine deňelýän atyzlary bolup ese-boýa galdy.Ýetişdirilen bol hasyly arman ýygnamakda ýurdumyzyň ussat mehanizatorlary, ezber elli pagtaçylary, goly gujurly gallaçylary, çylşyrymly tehnikalara erk etmegi başarýan kombaýnçylary, sürüjiler zähmet edermenliginiň belent nusgasyny görkezdiler. Agzybirlikde çekilen joşgunly zähmetiň, ýetilen ajaýyp sepgitleriň egsilmez şatlygyny, buýsanjyny bu günki günde tutuş halkymyz baýram edip toýlaýar. Berkarar Watanymyzyň şäherdir obalarynda, her bir öýde, döwletli ojaklaryň başynda ýazylan giň saçaklar täze hasyldan taýýarlanan toý nygmatlary bilen bezelip, zähmetsöýer ilimize, Hormatly Prezidentimize tükenmez alkyşlar aýdylýar. Türkmenistanyň Agrar partiýasy Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurduň Agrar syýasatynyň, onuň aýry-aýry ugurlarynyň, strategiýasynyň işlenip taýýarlanmagyny iş ýüzünde amala aşyrylmagyna gatnaşyp, raýatlaryň syýasy düşünjelerini kämilleşdirmek we olary syýasy taýdan terbiýelemek, oba zähmetkeşleriniň durmuş-ýaşaýyş we maddy-hal ýagdaýynyň düýpli gowlandyrylmagyna, obalar-da şäherler bilen deň derejedäki şertleriň döredilmegine, oba hojalygynyň senagat pudaklary bilen deň hukukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň emele gelmegine, oba hojalyk önümçiligiň ösmegine ýardam bermek ýaly işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň milli obasenagat toplumyny depginli ösdürmek maksatlaryndan ugur almak bilen, soňky ýyllarda pudagyň maddy-tehniki binaýdyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, oba hojalyk önümçiligini iň täze, kuwwatly tehnikalar, ýokary öndürijilikli tehnalogiýalar bilen enjamlaşdyrmak, bu ulgamda ilatyň hususy telekeçilik işjeňligini höweslendirmek we goldamak boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy tutuş türkmen halkymyzy, watanymyzyň edermen babadaýhanlaryny hasyl toýy bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçyly we syýasy işler bölüminiň baş hünärmeni Näzbibi Kubaýewa