Berkarar döwletiň täze eýýemynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalygy pudagynda oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler maksatnamasynyň netijesinde oba hojalygynda üstünlikler gazanylýar, ýerden bol hasyl alynýar. Daýhanlaryň zähmetiniň netijelerini jemläp, türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenip geçilýär. Oba zähmetkeşleriniň gazanýan üstünliklerini alamatlandyrýan Hasyl toýunda edermen daýhanlarymyzyň maňlaý derini döküp, irginsizlik bilen yhlasly çeken zähmetleriniň miweleri göz öňüňe gelýär.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçýän şu ýyl ýurdumyzda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi we ýygnaldy. Azyklyk däne ýygnamak boýunça döwlet borçnamalaryny ýerine ýetiren türkmen gallaçylary ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Şeýle hem ýurdumyzyň edermen oba zähmetkeşleri ak altynyň hem bol hasylyny alýarlar. Miwe,gök-bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl ösdürip ýetişdirýärler. Daýhanlaryň bu gazanan üstünlikleri ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk mukaddes baýramyna mynasyp sowgat boldy. Oba hojalyk ýerleriniň suw üpjünçiligini we meliorasiýasyny gowulandyrmak, obasenagat toplumynyň tehnikalarynyň üstüni ýetirmek üçin uly möçberde maýa goýumlary bölünip berilýär. Şu maksatlar bilen dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar.
Şunuň bilen birlikde, ylmy seçgiçilige, gowaçanyň çalt ýetişýän we ýokary hasyl berýän täze sortlaryny döretmäge uly üns berilýär. Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, takyk ekerançylyk ulgamyny, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny girizmek, daýhan hojalyklarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, kärendeçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Oba zähmetkeşleri ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň binýadyny berkidýärler hem-de ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň eksportyny gyşarnyksyz artdyrmak üçin ähli şertleri döredýärler.
Şeýle hem ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmäge türkmen işewürler düzümleri hem uly goşant goşýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri netijesinde ýurduň oba hojalyk pudagy ýokary derejeli ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda Hasyl toýunyň bellenmegi, oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň çeken zähmetine ýokary baha berip, olaryň sylaglanmagy daýhanlaryň ruhuny belende göterýär. Şeýle uly işleriň we gazanylýan üstünlikleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap komitetiniň başlygy Gülnur Abdyýewa