Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Hasyl toýy-berekediň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýemynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalygy pudagynda oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler maksatnamasynyň netijesinde oba hojalygynda üstünlikler gazanylýar, ýerden bol hasyl alynýar. Daýhanlaryň zähmetiniň netijelerini jemläp, türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenip geçilýär. Oba zähmetkeşleriniň gazanýan üstünliklerini alamatlandyrýan Hasyl toýunda edermen daýhanlarymyzyň maňlaý derini döküp, irginsizlik bilen yhlasly çeken zähmetleriniň miweleri göz öňüňe gelýär.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”  şy­ga­ry bi­len geç­ýän şu ýyl  ýur­du­myz­da bug­da­ýyň bol ha­sy­ly ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­di we ýyg­nal­dy.  Azyk­lyk dä­ne  ýyg­na­mak bo­ýun­ça döw­let borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­ren türk­men gal­la­çy­la­ry aja­ýyp zäh­met üs­tün­li­gi­ni ga­zan­dy­lar.  Şeýle hem ýurdumyzyň edermen oba zähmetkeşleri ak altynyň hem bol hasylyny alýarlar. Miwe,gök-bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl ösdürip ýetişdirýärler. Daýhanlaryň bu gazanan üstünlikleri ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk mukaddes baýramyna mynasyp sowgat boldy. Oba ho­ja­lyk ýer­le­ri­niň suw üp­jün­çi­li­gi­ni we me­lio­ra­si­ýa­sy­ny go­wu­lan­dyr­mak, oba­se­na­gat top­lu­my­nyň teh­ni­ka­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­mek üçin uly möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­ry bö­lü­nip be­ril­ýär. Şu  mak­sat­lar bi­len dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ön­dü­ri­ji­le­ri­niň oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ýar.

Şu­nuň bi­len bir­lik­de, yl­my seç­gi­çi­li­ge,  go­wa­ça­nyň  çalt ýe­tiş­ýän we ýo­ka­ry ha­syl ber­ýän tä­ze sort­la­ry­ny dö­ret­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Oba ho­ja­ly­gy­ny san­ly­laş­dyr­mak, ta­kyk eke­ran­çy­lyk  ul­ga­my­ny, öň­de­ba­ry­jy oba ho­ja­lyk teh­no­logi­ýa­la­ry­ny  gi­riz­mek, daý­han ho­ja­lyk­la­ry­nyň dü­şe­wünt­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, kä­ren­de­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len anyk çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Oba zäh­met­keş­le­ri ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­nyň  bin­ýa­dy­ny  ber­kid­ýär­ler  hem-de  ýo­ka­ry  hil­li  oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň eks­por­ty­ny gy­şar­nyk­syz art­dyr­mak üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýär­ler.


Şeý­le hem ýur­du­myz­da oba  ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge türk­men işe­wür­ler dü­züm­le­ri hem uly go­şant goş­ýar­lar.

   Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň il-ýurt bäh­bit­li alyp bar­ýan iş­le­ri ne­ti­je­sin­de ýur­duň oba ho­ja­lyk pu­da­gy ýo­ka­ry de­re­je­li ösüş­le­re eýe bol­ýar.  Ýur­du­myz­da Ha­syl to­ýu­nyň bel­len­me­gi, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň iş­gär­le­ri­niň çe­ken zäh­me­ti­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip, ola­ryň sy­lag­lan­ma­gy daý­han­la­ryň ru­hu­ny be­len­de gö­ter­ýär. Şeý­le uly iş­le­riň we ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­riň sa­ka­syn­da du­ran hor­mat­ly Preziden­ti­miz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

                                                 

Türkmenistanyň    Agrar partiýasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap komitetiniň başlygy Gülnur Abdyýewa