Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Hataryň görküdir iner-maýalar…..

Düýe maly diýe bir ymgyr Garagumyň bezegi bolman, türkmen halkynyň millilik derejesi ýeten malydyr. Geçmişde düýeler türkmen halkynyň dine bir et-süýt, ýüň çeşmesi bolman, eýsem juda uly hyzmatlary bitirýän iş maly höküminde hem bellidir. Düýeler alys ýurtlara gidýän kerwenleriň esasy ulagy bolupdyr. Düýeler sowuga, yssa çydamly bolmak bilen agyr ýükli alty aýlyk, ondanam uzak ýollary aşmagy başarypdyrlar.

Düýe maly, onda-da inerdir-maýa juda şahyrana bolup, ol çeper edebiýat, halk döredijiligine alaçaly ýag ýaly garyşypdyr. Oňa degişli mysallary şahyrlaryň goşgularyndan, halk döredijiliginden näçe diýseň getirmek mümkin. Gyzlara Maýa adynyň, oglanlara Iner adynyň dakylmagy hem bu düýeleriň juda eziz görülýänliginden alamat.

Eýsem Maýadyr inerler adaty düýelerden haýsy taraplary bolen tapawutlanýar?! Dana pederlerimiz haýwanlaryň, ekinleriň tohumyny yzygiderli gowulandyrmak bolen olaryň dünýä nusgalyk görnüşlerini döredipdirler. Garagum çölüniň bezegi bolan arwana düýeler hem şeýle mallaryň biridir. Ýöne inerdir maýalar arwana düýelerden has tapawutlanýar.

Has anyk aýdylanda, arwana bilen goşa örküçli düýäniň-bugranyň çakyşmagyndan emele gelen düýeler şeýle atlandyrylýar. Ýagny, şeýle çakyşmadan urkaçy köşek dogsa maýa bolýar, erkek köşek dogsa hem iner bolýar.

Maýa adaty düýelerden iri, ýüňlek, süýdi köp berýän düýe. Süýdüniň dermanlyk häsiýeti has ýakary. “Akpamyk” diýen ertekide ölen adamyň süňklerini jemläp, üstüne maýanyň süýdüni sepende janlanýandyr. Şonuň ýaly hem maýa döwletli mal hasaplanýar. Öňler gelin getirmek üçin kejebeler maýanyň üstünde gurlupdyr. “Kejebäni çekmäge ak maýa gerek!” diýip aýdymda aýdylýandyr. Ýogsamam seýrek ýagdaýlarda jöwur ak maýalaryň hem dogulýandygyny aýtmak gerek.

Arwananyň goşa örküçli düýe bilen çakyşmagyndan dogan erkek köşek ine bolup ýetişýär. Inerler asylly häsiýetli, çydamly, adaty düýelerden has daýaw bolýar. Şonuň üçinem inerler agyr kerwenlerde ýük maly höküminde ulanylypdyr. Magtymguly Pyragy:

Arwananyň kuwwaty,

Ner ýanynda bellidir ýa-da

Hatarlanşyp duran iner-maýalar-diýip ýazsa, Gurbandurdy Zelili:

Uzak ýola agyr ýükli,

Iner gidişde bellidir-diýip ýazýar.

Ýogsamam “Hatarda ner bolsa ýük ýerde galmaz” diýen nakylyň bardygyny hem bellemelidiris.

Çeper edebiýatda Mama gözelligiň, döwletliligiň alamaty bolsa, inerler gaýratlylygyň, gujurlylygyň nusgasy hökümünde suratlandyrylýar. Şonuň üçinem ýokarky ýaly mysallary näçe getirseň getirip oturmaly.

Ýöne maýadyr iner birinji çakyşmanyň öňümi bolanlygy üçin gowy. Olardan önen nesiller şeýle derejäni bermeýär. Olar kärderi, heşdek kimiň atlandyrylyp, pes gylykly, daýawlygy inerden pes, umuman erbet hilli düýeler hasaplanýar. Şonuň üçinem “Ineriň döli bolmaz”diýen nakyl ýörgünlidir. Şeýle bolansoň pederlerimiz zerurlykdan maýadyr inerleri döretselerem arwananyň tohum arassalygyny saklamak üçin olaryň neslini kän örňetmändirler. Tötänden bir düýä kärderi gany goşulaýsada, ol ýedi arkadan sonar arassalanýar diýip hasaplapdyrlar.

Horatly Prezidentimiz özüniň “Türkmenistan Beýk Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly  kitabynda düýe kerwenleriniň juda alys menzillere gatnaw edendigini belleýär. Şeýle kerwenlerde her on iner biri-birine çatylyp, l bir tirkiş hasaplanylypdyr. “Görogly şadessanynda:

Tirkişinde üç ýüz nerdir-diýip aýdylýar.

Umuman inerdir maýalar türkmen sährasynda tejribeli maldarlar tarapyndan döredilen özboluşly düýeler bolup durýar. Iş maly höküminde inerler ulanylmasa-da, çarwa obalarynda süýdi üçin häzirem maýalar saklanylýar.

Maýsa Öwezowa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň hünärmeni