Kalplara nur paýlap, uly umytlara, owadan arzuwlara beslenip Täze ýyl ýetip gelýär! Türkmenlerde Täze ýyly ak arzuwlar bilen garşylamak däbi öz köküni müňýyllyklaryň çuplugyndan alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz–Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen her günümiz toý-baýramly, ýyllarymyz zyýadadan zyýada gelýär. Bagtyýar döwletde şeýle baýramlary garşylamagyň özi uly bagt! Bagtyýar türkmen halkymyz, edermen oba hojalykçylarymyz Täze ýyly mynasyp sowgatlar bilen garşy aldylar. Dünýä ýurtlarynyň içinde edil merjen ýaly şöhle saçýan ýurdumyzda ähli zat diýen ýaly özümizde öndürilýär. Hil taýdan arassa, ynsan saglygyna ýaramly, ýokary hilli azyk we dokma önümlerimize bu günki gün bütin dünýä hyrydar. Bereketli topragymyzda öndürilip, elýeterli bahalarda halkymyza hödürlenýän azyk önümlerimiz bu gün ak bazarlarymyzyň, toý-baýramly saçaklarymyzyň bezegine öwrülýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak maksady bilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň üstünlikli tamamlanyp barýan şatlykly günlerinde TAP-nyň Lebap welaýat we Kerki etrap komitetleriniň, Kerki we Köýtendag etrap häkimlikleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda Kerki şäheriniň “Kejebe” toý mekanynda “Arzuwlarymyz dolsun maksat-myrada, Hoş geldiň ilime salam, Täze ýyl!” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa etrabyň öňdebaryjy işewür zenanlary, zähmetde tapawutlanan babadaýhanlary, mährem eneler, il sylagly ýaşulular partiýa agzalary hem-de bilim, saglyk ulgamynda zähmet çekýän öňde baryjy işgärler gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda Kerki we Köýtendag etraplarynyň medeniýet we sungat işgärleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşlerini, ata Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzy, Täze ýyly wasp edip ýerine ýetiren aýdym-sazlary, joşgunly tanslary, folklar çykyşlary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyryp, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.
Bagtyýar türkmen halkyny ösüşleriň täze belentliklerine, nurana ertirlere ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, agzybir, bagtyýar türkmen halkymyzy Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Goý, Täze ýyl her bir türkmen maşgalasyna, her bir türkmen ojagyna rysgal-bereket, bagt, döwlet getirsin! Täze ýylyňyz gutly bolsun mähriban ildeşler!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni Sonagül Hudaýberenowa