Ýurdumyz 2026-njy ýyly garşylamaga taýýarlanýar. Dükanlaryň tekjelerinde kagyz sapaklar, bezeg oýnawaçlar we dürli şarlar, emeli arçalar, geljek ýylyň nyşany – ýylkynyň, atyň şekilleri peýda boldy.
Şähermiziň köçeleriniň ugrundaky daragtlary dürli öwüşginli çyrajyklar bezelen. Welaýatlarda Täze ýyl mynasybetli dabaralar “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňünde geçiriler. Olar özboluşly bezegler bilen bezelen. Baýramçylyk çärelerine tanymal sungat ussatlary, artistler, çagalar döredijilik toparlary, şeýle-de, baýramyň baş gahrymanalary – Aýazbaba bilen Garpamyk gatnaşar.
Ynha, ýakyn günlerde hem Saýat etrabynyň “Bal Saýat” toý mekanynda Saýat etrap häkimliginiň, Saýat etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň we Saýat etrap medeniýet bölüminiň gurnamagynda “Hoş gelipsiň, Täze ýyl, gül Diýara!” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň Agrar we Demokratik partiýalarynyň Saýat etrap komitetleriniň, Ýaşlar guramanyň Saýat etrap geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň jogapkär işgärleri, işjeň agzalary, Saýat etrabynyň medeniýet bölüminiň wekilleri gatnaşdy.
Saýat etrabynyň “Bal Saýat” toý mekanynyň dabaraly bezelen zalynda Saýat etrabynyň medeniýet we sungat işgärleri Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatyny, ata Watanymyzda amala aşyrylýan ösüşleri, Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy, dost-doganlygy, agzybirligi, asudalygy wasp edýän aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň esasy hünärmeni Jeren Kulyýewa