Bedew bady bilen ösüşleriň täze sepgitlerini nazarlaýan Garaşsyz baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesillerimiziň bilimli - ylymly, sowatly, giň dünýä garaýyşly bolmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny has-da özgertmek, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek meselesini öňe sürmek bilen, il-ulusymyzda, aýratynam, bagtyýar nesillerde uly buýsanç döretdi.
Golaýda |Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Ahlakly nesil-bagtyýar gelejek” atly toparlaýyn bäsleşik geçirildi. Bäsleşik dört şertden ybarat bolup, talyp ýaşlar özleriniň bilim synaglary, döredijilik çykyşlary, sahna oýunlary, pikir alyşmalary bilen dörtedijilik ukyp başarnyklary bilen çykyş etdiler. Bäsleşigiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplaryndan taýýarlanan test soraglaryna dogry we dürs jogap berdiler, kitaplaryň mazmuny esasynda öz pikir alyşmalryny beýan etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerindäki parasatly pähimlere, ýol ýörelgelere salgylanyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplaryndaky rowaýatlary sahnalaşdyrdylar.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň çykyşlaryna baha bermek üçin eminler topary gatnaşdylar. Talyp ýaşlaryň toparlarynyň ählisi üstünlikli çykyş edip, baş baýraga matematika bölüminiň talyp ýaşlary mynasyp boldular. Bäsleşigiň eňiji toparlaryn hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda gatnaşyjylar ylym-bilim almaga döredip berýän ähli şertleri üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýtdylar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň buhgalteri Oguljemal Berdiýewa