Şu günleri kärendeçi daýhanlaryň iş aladalary barha artýar. Gowaçalaryň, gök bakja ekinleriniň ideg işlerini ýerine ýetirmek, öňde duran pagta ýygymyna taýýarlyk görmek, güýzlik bugdaý ekişi geçirilmegi göz öňünde tutylar ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak ýaly ähli işleri utgaşykly dowam etdirýärler. Ähli işleriň sazlaşykly guralmagh netijesinde oba hojalyk ekinleri bol hasyl toplaýarlar. Munuň özi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ulydan bellenilýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýna kärendeçileriň zähmet sowgatly barmaklygyna uly mumkinçilik berýär.
Awgust aýy gowaçalara ideginde aýratyn ähmiýete eýe. Çünki hasyla hasyl goşulýan bu döwürde gowaçalaryň ähli ideg işleri kärendeçilerde uly jogapkärçiligi talap edýär. Bu iş Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda has-da ýokary depginlerde barýar. Şu günler gowaçalara üçinji we dördinji hatar ara bejergi işleri goşmaça mineral dökinler bilen iýmitlendirmek, joýa ok salmalary çekmek işleri dowam edýär. Bejergi işlerine etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň şeýle hem daýhan birleşikleriň tehnikalarynyň jemi 190 gatnaşýar. Her bir tehnikanyň mehanizatory özlerine berkidilen tehnikalary saz işletmek bilen, gowaçalaryň ýekeje düýbinede zeper ýetirmezden bejergi işlerini talabalaýyk berjaý edýärler. Şeýle hem ösüş suwyny öz wagtynda uly üns berilýär. Etrabyň gowaça meýdanlary ene ýaplardan şeýle hem suw soryjy enjamlaryň kömegi bilen suwarylýar. Suw soryjy enjamlaryň hem 90-da gowragy gije gündiziň dowamymda saz işledilýär. Şonuň netijesinde her güni etrapda 700 gektara golaý ýerde ösüş suwy tutylýar. Kärendeçiler hem boýy ýeten gowaçalaryň ujyny çyrpmak işine de girişdi. Bu iş köp el güýjini talap edýär. Kärendeçiler maşgala agzalary bilen gowaçalaryň ujyny çyrpmak işini dowam etdirýärler. Gowaçalarda çyrpmak işiniň geçirilmegi gowaçalaryň bol hasyl toplamagyna uly mümkinçilik berýär. Etrapda gowaçalara edilýän ähli ideg garaşyk işleriniň öz wagtynda ýokary hilli alnyp barylmagy meýilnamada bellenen 57600 hasylyň kemala gelmegine mümkinçilik berer.
Çynar Berdikulyýewa. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni.