Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Il saglygy- ýurt baýlygy

Hormatly Prezidentimiz ilatyň saglygyny ähli zatdan ileri goýup, «Il saglygy  ýurt baýlygy!» diýen şygara beslenýän beýik işleri durmuşa geçirýär. «Saglyk» döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we ornaşdyrmak, adamyň saglygyny pugtalandyrmak, keselleriň öňüni almak, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň hilini kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak babatdaky işler döwlet syýasatynda ileri tutulýan orny eýeleýär. Milli Liderimiziň başyny başlan we üstünlikli durmuşa geçirilýän saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleri dünýä jemgyýetçiliginiň iri halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň uly gyzyklanmasyna we ýokary bahasyna eýe bolýar.

Ynsan üçin saglykdan uly baýlyk ýok. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkyň saglygy baradaky alada döwlet derejesine çykaryldy. Häzirki wagtda howanyň düzüminde ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artandygy sebäpli şu günler ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek barada wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilip durulýar.  Bu ugurda TMÝG-iň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan düzgünnamalar taýýarlanylyp, edara-kärhanalarda, orta we ýokary mekdeplerde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli derejeli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Şol çäreleriň mynasyp netijeler bermegi babatda Ilkinji ýaşlar guramalary hem özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Bilelikde alyp barýan bu işlerimiz gelejekde hem üstünlikli dowam eder.

 

                                                                                                                                                                                                Sapaýewa ANANÝAZ, 

                                                                                                                                                                                                                    TAP-yň Balkan welaýat komitetiniň

                                                                                                                                                                                                                                                    guramaçylyk  we syýasy işler bölüminiň baş hünärmeni