Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Il saglygy – ýurt baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda alnyp barylýan arassaçylyk we sanitariýa çäreleriniň berjaý edilişini hem-de mundan başgada ýola çykylanda agyz burun örtügini dogry dakynmagyň, sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçilýär. Geçirilen çärelerde gyş paslynyň dowam etmegi bilen ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almakda ýurdumyzda alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşmaklygy hem-de agyz-burun örtüklerini yzygiderli talabalaýyk dakynmaklaryny, şahsy gigienalary düzgüne laýyk berjaý etmekleri  hem-de okuw we iş ýerlerinde zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek we adamlaryň arasynda bellenen aralygy saklamagyň talaplaryny berjaý etmegi güýçlendirmek boýunça işler wagyz edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň il saglygyny goramak, keselleriň öňini almak, ömrüň dowamlylygyny artdyrmak, kadaly iýmitlenmek, sporty wagyz etmek babatda edýän taýsyz tagallalaryndan ugur alyp, Sarahs etrabynda hem wagyz-nesihat işlerine möhüm ähmiýet berilýär.  Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň wekilleri hem etrap jemgyýetçilik guramalary, etrap hassahanasynyň maşgala lukmanlary, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň epidemolok lukmanlary bilen bilelikde etrabyň edara-kärhanalaryň, şäher-oba ýaşaýjylarynyň öýlerine aýlanyp, olaryň arasynda düşündiriş işlerini alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramak we saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek keselleriň öňüni almak, ilaty saglygy goraýyş hyzmatlary bilen doly derejede üpjün etmek işine hemişe möhüm mesele hökmünde garaýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde Ahal welaýat ýokanç keseller hassahanasynyň, Ak bugdaý etrabynda häzirki zaman „Bagabat“ şypahanasynyň, Aşgabat şäherinde Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem bu ugurdaky tagallalaryň dabaralanmasydyr. Bu desgalar ýurdumyzyň saglyk ulgamynyň düzümini has-da baýlaşdyryp halkymyzy begendirdi.

Ýurdumyzda zyýanly endikleri ýok etmek, dürli keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek meselelerine uly üns berilýär.  Halkymyzda „Il  saglygy – ýurt baýlygy “ diýen ýörgünli jümle bar. Bu jümleden ugur alyp, her birimiz saglygymyzyň aladasyny etmelidiris. Çünki her bir adamynyň öz saglygyny goramagy, daş-töweregindäki adamlaryň hem saglygyny goramaga çalyşdygy bolýar. Saglygymyzy goramakda ilkinji nobatda, dogry geýinmek, dogry iýmitlenmek zerurdyr. Galyberse-de sport bilen meşgullanmak örän möhümdir.

Ýurdumyzyň parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri mydama rowaç alsyn.

 

 

Baýramgeldi BALLYÝEW

Türkmenistany Agrar partiýasynyň                                                        Sarahs etrap komitetiniň başlygy