Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Işler guramaçylykly dowam edýär.

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň galla kärendeçileri Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda türkmeniň guşgursak ak bugdaýynyň bereketli hasylyny ösdirip ýetişdirdiler. Şu taryhy ýylmyzda etrabymyzyñ 27-oktýabr, Görelde, Ýalkym, Parahat daýhan birleşikleri döwlete galla tabşyrmak barada öňde goýan borçnamasyny üstinlikli berjaý etmekligi munuň şeýledigini anyk tassyklaýar. Özleriniň gazanan zähmet üstinliklerinden göwünleri galkynan galla kärendeçiler geljek ýylyň hasyly üçin ekiş möwsümine ykjam taýýarlyk işlerini şu günlerden giňden ýaýbaňlandyrdylar. Hasyldan boşan meýdanlary bada-bat bugdaý samanlaryndan arassalamak işleri geçirilýär. Şeýle hem sürüm  işlerinede guramaçylykly girişilýär. Bu işde etrap obahyzmat önümçilik kärhanasyna degişli ýokary iş öndürijilikli tehnikalarynyň güyjinden peýdalanylýar. Her güni etrap boýunça 49 sany tehnika sürüm işine işjeň gatnaşyp, 325-den gowrak gektar ýerde çuň sürüm işi talabalaýyk geçirilýär. Sürüm işleriniň bellenen çuňlukda ýokary hilli geçirilişine degişli jogapkär hünärmenler gözegçilik edýärler. Sürüm işleriniň bildirilýän talaplara laýyklykda geçirilmegi ýerleriň oňat taplanmagyna, suwy siňňitli içmegine uly mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda sürüm işi etrabymyzyň A.Kakabaýew,Ýalkym, 27-oktýabr daýhan birleşiklerinde has-da ýokary depginllerde barýar.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Çynar Berdikulyýewa.