Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Jenneti ỳurdumda, seỳran bedewim!

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan giň gerimli işleriň üstünlikli dowam etdirilýänligi halkymyzda çäksiz buýsanç duýgularyny döredýär.  Ynha, bu ýylyň Gahryman Prezidentimiz tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap- Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany ýyly diýlip yglan edilmegi halkymyzyň ýürek buýsanjyny goşalandyryp, türkmen halkynyň milli mukaddeslikleriniň biri bolan bedewlerimize goýulýan gadyr-gymmatynyň beýikdigini ýene bir ýola subut etdi.          

    Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala gelen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermekde berkararlyk ýyllary içinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilip, uly üstünlikler gazanyldy. Atçylyk pudagyny ösdürmek, halkara derejede ýaryşlarydyr bäsleşikleri geçirmek üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Ýurdumyzda at çapyşyklaryny, at üstündäki milli oýunlary hem-de atly sportuň beýleki görnüşleri boýunça bäsleşiklerini halkara derejede geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi bolsa dünýäde ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamagyň hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmagyň berk binýadynyň tutulandygyny aýdyň görkezýär.

Tebigy owadanlygy, ýyndamlygy, duýgurlygy, gylyk-häsiýeti babatda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamakda, atşynaslygyň umumy medeniýetini ýokarlandyrmakda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen berkarar Watanymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwletli tutumlar dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  halkymyzyň baky buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerimiz dogrusynda söhbet açýan “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” atly kitaplary ýelden ýüwrük, ýyndam bedewlerimiz dogrusynda pähim-paýhasa ýugrulan buýsanç dessanlary hökmünde diňe bir türkmen okyjylarynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem gyzgyn söýgüsine eýe boldy. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary bilen halk bähbitli, ýurt ähmiýetli alnyp barylýan düňyä nusgalyk beýik ösüşlerimiziň bedew bady bilen deňeşdirilmegi diýseň çuňňur mana eýedir.

            Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany ýylynda türkmen halkynyň mukaddeslik derejesine göteren behişdi bedewlerimiziň gadyr-gymmatyny bilip, dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende götermekde döwlet derejesinde uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolup, beýik maksatly tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Aýnatäç Nedirowa,

TAP-nyň  Balkanabat şäher komitetiniň

Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri