“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň galla oragy möwsüminde welaýatymyz boýunça 145 müň gektar meýdandan 265 müň tonna ýokary hilli bugdaý ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak wezipesi öňde durýar. Munuň özi ähli gallaçy daýhanlar bilen bir hatarda olara ýardam berýän edara-kärhanalaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärlerinden hem uly jogapkärçiligi, sazlaşykly işleri, ýadawsyz tagallalary talap edýär.
Galla oragynyň çalt depginlerde, öndürijilikli alnyp barylmagynyň, esasan, oňa gatnaşdyrylýan kombaýnlaryň, ulaglaryň saz we bökdençsiz hereket etmegi bilen baglanyşyklydygy hemmelere mälimdir. Şoňa görä-de, welaýatymyzyň “Obahyzmat” önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki düzümlerinde, şeýle hem ulag kärhanalarynda bu ugurdaky taýýarlyk işlerine bellenilen möhletlerde girişilip, möwsümde ulanylmagy göz öňünde tutulan tehnikalar gözden geçirilip, kemçilikleri düzedilip, doly taýýar edildi. Kombaýnlaryň, ulaglaryň tejribeli adamlara berkidilmegi barada hem alada edildi. Häzirki wagtda welaýatymyzyň degişli edaralary, gulluklary tarapyndan kombaýnçylaryň, ulag sürüjileriniň arasynda möwsümiň dowamynda ýangyn-tehniki howpsuzlygynyň, ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edil megine gönükdirilen düşündiriş işleri, okuw-maslahatlar geçirilýär. Umuman, welaýatymyzyň gallaçylarynyň şu ýylyň galla oragy möwsüminde has-da belent sepgitlere eýe bolup, hormatly Prezidentimiziň bildirýän uly ynamyny ödemekleri, özleriniň saldamly bugdaý harmanlary bilen halkymyzy begendirmekleri, şeýlelikde, ata Watanymyzyň hemme taraplaýyn gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi olaryň uzak wagtyň dowamynda çeken agzybirlikli zähmetiniň ýerine düşjekdigini alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni Maýsa Öwezowa