Gadymy ekinleriň biri bolan jöwen biziň welaýatymyzyň howa şertlerine laýyklykda tohumlyk üçin maý aýynyň başyndan başlap ahyryna çenli ekilýär.Ata-babalarymyzyň ekinleriň tohumlaryny almakda we saklamakda baý tejiribeleri bar,olardan jöweniň tohumyny alanda jöweniň başyny durşyna döwmän alyp we ýüpden asyp salkyn ýerde goýupdyrlar. Şeýle usulda alnan tohum jöwen arassa hem-de anyk tohum bolupdyr.Jöwen tohumlarynyň birnäçe görnüşeri bolup,boý jöwen,mät gaýry ýada kelte baş,ýasmak jöwen ýaly tohumlar il içinde köp ulanylýar.Tejribeli daýhanlaryň aýtmaklaryna görä boý we kelte baş jöwen tohumyny tohumlyk üçin ekjek bolsaň maý aýyndan gijikdirmän ekmeli, ýasmak jöweni gijiräk ekseň hem bişip ýetişýändigini aýdýarlar.Halkyň arsaynda daýhançylyga tejiribesi baý adamlaryň aýtmaklaryna görä arassa jöwen tohumyny tohumlyk üçin ekilende 1 kg tohumy 0.20 ga ýere ýetirseň şondan 1000 kg jöwen alyp bolýandygyny aýdyp geçýärler.Il içindeher bir dänäň müň bolsun diýip şoňa adylýan hem bolsa gerek. Jöweni diňe tohum üçin dälde eýsem iýmitlik, otlyk üçin daýhançylykda giňden ulanylýar..Bilişimiz ýaly ene- mamalarymyzdan biziň şu günlerimize ýetip gelen jöwen ekinden birnäçe tagamlar bar, jöwen kürtük, börtmek, köje ýaly milli tagamlar häzirki günde hem taýarlanýar,jöweni ýörite degirmenlere salynyp üwelenden soň gyzgylt reňkli un emele gelip ondan hem bişirilýän çörege zagara diýip atlandyrylýar.Zagaranyň hem özüniň melhemlik aýratynlyklary bar. Zagara çöregi süýji keseli hem-de gan basyşy ýokary bolan adamlara iýmeklik masalat berilýär.
Otluk üçin ýer almanyň,bugdaýyň yzyna ot üçin ekilen jöwen iri şahli mallara özüniň ýokumlylygy bilen tapawutlanýar. Tohum jöwen üçin ekiljek atyzlary ekmezden öň agrotehnikanyň kadalaryny ýerine ýetirip,ýeri suwdan gandyryp organiki we meniral dökünler bilen iýmitlendirilýär.Gögerip çykan jöweni ýekeläp 40 güne çenli suw tutulmaýar sebabi şol 40 günüň dowamynda jöwen bellibir derejede ösüp özüniň ak damarlaryny ýere ýaradýar. Bişip ýetişýänçe 3-4 gezek suw tutulýar,oktýabr aýynda ir ekilen jöwen bişip ýetiýär
Jumakow Ýusup Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni. Türkmenistanyň halk agzasy