Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana ata babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip hem-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan taryhy tejribesine daýanyp, döwletiň durmuşyna degişli wajyp meseleleri jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alyp maslahatlaşmak Garaşsyz watanymyzda ýetilen belent sepgitleri halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedow paýtagtymyzdaky maslahatlar merkeziniň binasynda Türkmenistanyň milli geňeşiniň halk maslahatynyň we mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny maslahatyny geçirip, onda çuň manyly çykyş etmegi hem-de ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýetiniň düzümlerini kämilleşdirmek bilen bagly taryhy teklipleri öňe sürmegi ildeşlerimizde giňseslenme döretdi. Ynha öňde goýulan wezipelerden ugur alyp Daşoguz Pagta egiriji fabriginde TAP-nyň Daşoguz şäher komitetiniň hem-de Daşoguz şäheriniň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen “Kämil kanun jemgyýetiň ygtybarly daýanjy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Maslahatda çykyş edenler, “Watan” habarlar gepleşigi arkaly Gahryman Arkadagymyzyň çykyşyny uly gyzyklanma bilen diňledik.
Milli Liderimiziň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek boýunça öňe süren teklibi täze taryhy döwrümizde halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesine, döwletlilik ýörelgelerine, asylly däplerine berk eýerilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň oňyn netijelerine, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna we olaryň çuňlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň esasy wezipeleri hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekden hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmekden ybaratdyr. Halk Maslahatynyň täzeden döredilmegi agzybir halkymyzyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan dünýä nusgalyk tejribelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge giňmümkinçilik berer. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr!” diýen sözleriniň durmuş hakykatyna öwrülýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Halkyň bähbidine hyzmat edýän ýokary wekilçilikli edaranyň döredilmegi ýurdumyzy ykdysady taýdan has kuwwatly döwlete öwürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Maýsa Öwezowa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni.