Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Kanunçylyk özgertmeleri rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhynda bolup geçýän şanly wakalar biziň her birimizi uly buýsanja besleýär. Döwletleriň we halklaryň parahatçylygy, dostlugy hem-de hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly şygar astynda geçýän 2026-njy ýyla berkarar döwletimiziň täze eýýamyna aýdyň maksatlar, uly ruhybelent bilen gadam basdy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan ösüşler halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Soňky ýyllaryň içinde gadymy Lebap topragynda iri senagat kärhanalary bilen bilelikde medeni-durmuş maksatly binalaryň birnäçesi guruldy we raýatlaryň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şertler döredildi. Obalaryň, şäherleriň keşbi bütinleý özgerdi. Nesip bolsa, ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçiriljek mejlisinde hem ýurdumyzy geljekki ýyllarda hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkyň ýaşaýyş derejesini has-da özgertmek bilen bagly meselelere serediler.

Ynha, 2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine garaldy.

 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda öňde durýan möhüm çärelere taýýarlyk görmek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dürli ugurlarda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, il içinde uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglaryna, hormatly atlara hödürlemek boýunça işleri alyp barmak hakynda we beýleki dürli soraglar kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, şäher we etrap komitetleriniň işgärleri şu günler edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, raýatlaryň arasynda bu syýasy-jemgyýetçilik Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde ara alyp maslahatlaşan hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler boýunça duşuşyklar, söhbetdeşlikler geçirilýär. Çünki halkyň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolmagyny gazanmak Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş ýörelgeleriniň esasyny düzýär. Halk köpçüliginden gelip gowuşýan teklipler hemmetaraplaýyn seljerileninden soň, ýurdumyzy ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösdürmegiň geljek 35 ýyl üçin berk binýat boljakdygy şübhesizdir. Halkyň Hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, elmydama alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Marýam Ibadullaýewa