Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhynda bolup geçýän şanly wakalar biziň her birimizi uly buýsanja besleýär. Döwletleriň we halklaryň parahatçylygy, dostlugy hem-de hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly şygar astynda geçýän 2023-nji ýyla berkarar döwletimiziň täze eýýamyna aýdyň maksatlar, uly ruhybelent bilen gadam basdy.
Gahryman Arkadagymyzyň ähli ugurlarda durmuşa geçiren işlerini üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan ösüşler halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Soňky ýyllaryň içinde gadymy Lebap topragynda iri senagat kärhanalary bilen bilelikde medeni-durmuş maksatly binalaryň birnäçesi guruldy we raýatlaryň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şertler döredildi. Obalaryň, şäherleriň keşbi bütinleý özgerdi. Nesip bolsa, ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Halk Maslahatyny geçiriljek mejlisinde hem ýurdumyzy geljekki ýyllarda hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkyň ýaşaýyş derejesini has-da özgertmek bilen bagly meselelere serediler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, şäher we etrap komitetleriniň işgärleri şu günler edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, raýatlaryň arasynda bu syýasy-jemgyýetçilik çärede ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler boýunça duşuşyklar, söhbetdeşlikler geçirilýär. Çünki halkyň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolmagyny gazanmak Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň esasyny düzýär. Halk köpçüliginden gelip gowuşýan teklipler hemmetaraplaýyn seljerileninden soň, ýurdumyzy ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösdürmegiň geljek 30 ýyl üçin berk binýat boljakdygy şübhesizdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, elmydama alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Marýam Ibadullaýewa