Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Kärendeçi maldarlaryň aladalary

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň maldarlary şu ýylyň gyş paslynda mallaryň ýyly hem-de dok gyşladylmagy üçin zerur taýýarlyk çärelerini berjaý etdiler. Bu barada etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi maldarlary has-da oňat görelde görkezdiler. Olar şu wagta çenli dürli görnüşli ot-iýmlik ekinleriň hem-de meýdan otlarynyň ýeterlik möçberlerini ýygnap, bu baradaky meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdiler. Daýhan birleşiginiň kärendeçi maldarlary Parahat Işangulyýew, Maksat Rejepow, Ödek Ödekow dagy öz gözegçilik edýän 101-e golaý mallarynyň gyş döwründe sagdyn, ýokary önüm berijilik ýagdaýynda saklanylmagy ugrundaky işleri talabalaýyk dowam etdirýärler.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň S. Türkmenbaşy etrap komitetiniň esasy hünärmeni Ýagmyrow Wepa Berdiýewiç