Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda her bir günimiz toýdur baýramlara şanly senelere beslenýär. Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň giňden bellenilmegi, agzybir halkymyzyň Baş Kanunymyza hem-de baýdagymyza bolan söýgüsiniň, buýsanjynyň beýikliginden nyşan. Çünki bu goşa mukaddeslikde — Konstitusiýada hem-de Döwlet baýdagynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen ynsanperwerlik, watansöýüjilik, agzybirlik, abadanlyk ýörelgeleri jemlenýär. «Halkyň bagty çüwse, toýlary goşa-goşadan gelermiş» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni şu ýyl hem şanly senelere, baýramçylyklara utgaşyp geldi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni has-da aýratyn ähmiýete, gadyr-gymmata eýe bolýar. Bu şanly baýramçylyklar mynasybetli şu günler ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary, konsertler guralýar. Bularyň ählisi mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygynyň, berkarar ýurdumyzyň taryhy özgerişlere, uly üstünliklere beslenýändiginiň özboluşly subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy!
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy!
Bu sözlerde köňüllere joşgun, kalplara buýsanç eçilýän ýakym bar, mähir bar, söýgi bar! Bagtyýar halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen Baş Kanunymyz, al-asmanda, belentde parlaýan Döwlet baýdagymyz — erkinligiň, özygtyýarlylygyň nyşanydyr. Ak mermere beslenen belent binalaryň üstünde mylaýym şemala erkana parlaýan ýaşyl Tugumyz halkymyzyň köňül senasydyr. Baýdaga togap etmek — ýurt erkinligine, toprak mukaddesligine togap etmekdir. Çünki merdana milletimiziň milli ýol-ýörelgelerinde tug mukaddesligi aýratyn orny eýeleýär. Ata-babalarymyz «Tug», «Baýdak» ýaly buýsançly sözleriň üsti bilen bu mukaddeslige egsilmez söýgüsini, çäksiz wepasyny beýan edipdirler. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Baş Kanunymyzda raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny ygtybarly goramagyň hem-de adalatly, ynsanperwer jemgyýeti gurmagyň möhüm kadalary doly berjaý edilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasy ynsan mertebesini belende götermekde, raýatlaryň azat we erkana durmuşyny üpjün etmekde, watandaşlarymyzyň halal, öndürijilikli zähmet çekmek baradaky mizemez hukuklaryny kepillendirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Kanunçylyk namalarymyz halkymyzyň öz taryhy tejribesi — ata-babalarymyzdan miras galan gymmatly däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz bilen sazlaşdyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy berkarar döwletimiziň hukuk binýady bolmak bilen, halkymyzyň döwletlilik, demokratiýa we adalatlylyk baradaky ençeme asyrlyk isleg-arzuwlaryny özünde jemleýär. Baş Kanunymyz demokratik özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkyň ýaşaýyş - durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmek boýunça ýetilýän belent sepgitleriň mizemez şerti bolup hyzmat edýär.
Biz hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzy, ähli halkymyzy tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys! Biz ýaşlara okamana, işlemäne, döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, döwletli işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň başlygy Gülnur Abdyýewa