Saýat etrabynyň Garabekewül şäheriniň Diýar toý mekanynda Saýat etrap häkimliginiň, etrap medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň we beýleki etrap jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde gurnamaklarynda ýurdumyzyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir” ady bilen aýdym-sazly baýaramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabaraly çärä gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, mundan 32 ýyl ozal kabul edilen ýurdumyzyň Konstitusiýasy diňe bir garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek bilen çäklenmän, türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitledi. Döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolmak bilen, Konstitusiýa halkymyzyň agzybirlik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk hem-de adalatlylyk baradaky arzuwlarynyň beýany bolup durýar.
Çärä gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy häzirki wagtda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň esasy nyşany bolmak bilen, bütin dünýäde tanalýandyr. Ol BMG-niň edara binasynyň baýdak sütüninde buýsançly pasyrdaýar we özygtyýarly Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasy ýörelgelerini beýan edýär.
Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşyl tugumyzyň dünýä ýüzünde barha belentde parlaýandygyny, Türkmenistanyň at-abraýyny, şan-şöhratyny, dünýä derejesinde gazanýan ajaýyp üstünliklerini äleme ýaýýandygyny we ata Watanymyzyň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan beýik işleri güneşli Diýarymyzyň abraýyny gün-günden beýgeldýändigini, öz ykbalyny özi çözýän halkyň ygtybarly döwleti bolup döwleti döwlet edýän nyşanlary – Baýdagy, Tugrasy, Senasynyň bardygyny, galyberse-de halkyň hak-hukugyny goraýan adyl Kanunynyň bardygyny belläp geçdiler.
Saýat etrabynyň Garabekewül şäheriniň Diýar toý mekanynda geçirilen maslahat bu şanly senäniň – ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň ägirt uly ähmiýetini, Watanymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini, garaşsyzlyk we hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk we agzybirlik, demokratiýa hem-de kanunyň rüstemligi ýaly döwletiň esas goýujy ýörelgelerini aýdyň görkezdi.
Dabaranyň dowamynda etrap medeniýet we sungat işgärleri ruhubelentligiň, sarsmaz bitewiligiň baýramy bolup, ýurdumyzda toýlanýan, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramçylygyny özleriniň ajaýyp folklor çykyşlary, tanslary, goşgularydyr we joşgunly aýdymlary bilen wasp etdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň eşretli durmuşyny üpjün etmek üçin taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagy arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň esasy hünärmeni Jeren Kulyýewa