Türkmenistan –demokratik, hukuk, dünýewi döwletdir.Dolandyryş usuly Prezidentlik respublikasy.Türkmen döwletiniň syýasy gurluşy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Kabul edilen.Türkmenistanyň Konstitutsiýasy döwletiň Esasy kanuny bolmak bilen,Türkmenistanyň döwlet gurluşy deňagramlylygy saklap,özbaşdak hereket edýän kanun çykaryjy,ýerine ýetiriji we kazyýet häkimýetlerine bölünmek ýörelgelerine esaslanýar.Konstitusiýada berkidilen kadalar we namalar göni herekete eýe.Halk Türkmenistanyň döwlet häkimýetiniň öz ygtyýarlygyny ýörediji we ýeke-täk gözbaşy bolup durýar. Döwlet din we wyždan azatlygyny,olaryň kanun öňünde deňligini kepillendirýär.Dini guramalar döwletden aýry bolup,olar döwlet işine goşulyp,döwlet wezipelerini ýerine ýetirip bilmeýärler.Döwletiň bilim ulgamy dini guramalardan bölünendir we dünýewi häsiýete eýedir.Konstitutsiýanyň 142-sany maddasy bolup 8 bölümden ybaratdyr. Onda döwlet bolmak üçin meýdany, ilaty, döwlet dili, pul birligi, adminstrtratiw-territorial gurluşy ählisi doly tassyklanan görnüşinde bellenendir.Ýaş nesillere konstitutsiýa düşünjesini bermek barada Türkmenistanyň döwlet we milli baýramçylyklary ähli kärhanalarda we guramalarda ýöredilýär. Syýasy partiýalar bilen birlikde wagz-nesihat işleri alnyp barylýar.
Ýagny 1991-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Garaşsyz döwlet bolandygymyzy,1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitarap döwlet diýip ykrar edilmegini buýsanç bilen halk köpçüligine ýetirýärler. Häzirki wagtda Türkmenistan 151 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.
Şeýle ajaýyp asuda döwletde ýaşamagymyz üçin ajaýyp şertleri döredip beren Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun alyp barýan işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Ýazan: Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap komitetiniň Baş hasapçysy Işankulyýewa Läle