Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyz taryhy wakalara, şanly senelere, buýsandyryjy wakalara baý bolup tamamlandy.
2024-nji ýylymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylmagy hem bütin türkmen halkyny buýsandyrýar. Sebäbi biz Magtymguly Pyragynyň “Berkarar döwlet istärin” diýip arzuw eden zamanasynda ýaşaýarys Magtymguly şahyryň: “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň” diýen setirleri bu gün türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna jebis bolup türkmen halky ýurdumyzyň gülläp ösmegine öz goşantlaryny goşup zähmet çekýärler. Bizi ýene bir buýsandyrýan wakalaryň biri hem Änew şäheri Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip ykrar edilmegidir. Gahryman Arkadagymyzyň nesil dowamatyny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimiziň ýazan ilkinji kitaby “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň täze ýylyň öň syrasynda Gahryman Arkadagymyza hem-de türkmen halkymyza sowgat edilmegi bizi has-da buýsandyrýar. Ýaşlar biziň gelejegimiz, Ýurdumyzy gülläp ösdürjek, dolandyrjak häzirki ösüp gelýän ýaş nesildir. Olaryň ylymly-bilimli edep ekramly Watansöýüji, zähmetsöýer ilhalar adamlar bolup ýetişmegi barada uly aladalar edilýär. “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapýar. Biz ýaşlara şeýle ajaýyp sowgady peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, halkyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny wasp edýän kitaplarynyň höwri köp bolsun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap komitetiniň başlygy G.Abdyýewa