Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Magtymguly Pyragy

Türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragy hakynda halk arasynda dürli rowaýatlar hem döredilipdir, olaryň döremegi biziň zamanamyzda hem dowam etdirilýär.

                                                         Adym düsḑi ilden-ile,

                                                         Nagyş ederler dilden-dile,

                                                         Magtymguly, gongul güle,

                                                         Hazan urup solmagynça.

 

                              HYWA ÝOLUNDA

Magtymguly Hywadaky «Şirgazy» medresesinde okan wagty, Hazreti Pälwan adynda onuň halypasy bar eken. Ondanam baş ga şol ýerde okanda, özbekden, garagalpakdan, gazakdan, tatardan gaty kän dostlary bolupdyr. Magtymguly Hywa argyşa gidýän kerwenleriň kerwenbaşysyndan:

- Meniň hem goş-kötelimi göterişip, şol ýana atsaňyz diýip haýyş edýär. Kerwenbaşy razy bolýar. Emma  Magtymgulynyň ýoldaşy:

-Seni Hywa taraplarda hem şu ýerdäki ýaly tanaýarlar, hormatlaýarlar  - diýip, kän azyk-suwluk götertmändir. Magtymguly kerwenler bilen Hywa ýakynlaşanda, şahyryň gelýär sesini eşidip, Hazreti Pälwan öz şägirtlerinden bir toparyny iberip, Magtymgulynyň öňünden çykarýar. Ol ýurtlar Magtymgulyny ondan-oňa çagyryp hezzetleýärler.

 

 

                         GÖZEL TEBIGAT AŞYGY

 

Magtymguly oňat eserler döretmekden ötri, ýaz hem tomus wagtynda dowat-galamyny hem depder-kagyzlaryny göterip, Etrek çaýlarynyň owadan kenarlarynda, salkyn saýalarda, gyşyna bolsa daglaryň ömür şemal düşmeýän ýyly gowaklarynda oturyp ýazýar eken. Magtymguly öz-özünden ösýän injir, hoz, nar, badam, jenewüt (söwüt), arça, üzüm, zirk, böwürslen we  miweli miwesiz agaçlar ýazyna parç bolup, dyza ýetip duran gülli otlar bilen bezelen çaýyň owadan kenarlarynda, çal goçlary, umga aýraklary, şöwkeleri we başga dürli janawarlary bolan seri dumanly daglarda gezmegi, seýil etmegi özüne endik edinipdir.

 

MYNASYP ŞÄGIRTLER

Hywadaky «Şirgazy» medresesinde okaýan talyplar üçin salnan darajyk hüjreleriň birinde Gündogaryň parasatly alym şahyrlaryndan biri  halkyň wepaly ogly Magtymguly ýaşapdyr. XIX asyr türkmen şahyrlary Seýdidir Zelili hem şol medresede okapdyrlar. Emma bularyň elleri ýuka bolany üçin, her haýsy bir hüjräni kireýine alyp bilmän, ikisi bir hüjrede ýaşamaly bolupdyrlar.Halk rowaýatlaryna görä bu ýerde elmydama bir hüjre boş durýar. Şol hüjrede bir wagtlar Magtymguly şahyr ýaşap geçipdir. Medresäniň däbine görä bu ýerde okap giden iň güýçli talybyň ýaşan hüjresi, her tarapdan güýçli bolan bäsdeş şahyr tapylýança boşdurmaly eken. Şonuň üçin bu ýerde okan talyplardan Magtymgulynyň hujresinde ýaşamaga milt edip bilen bolmandyr. Diňe Seýdi bile Zelili käýarymlar baryp, şol hüjrede gijesine ýatar ekenler. Sebäbi bular Magtymgulyny özleriniňki, öz halypalary hasap edipdirler. Bir sapar iki şahyr şol hüjreden çykyp gelýärkäler, gapdallaryndan bir molla çykyp:

- Magtymguly siziň nämäňiz bolar?  -diýip sorapdyr. Bular:

- Magtymguly biziň ussadymyz bolar - diýip, jogap berýärler.

Onda Molla:

- Beýle bolsa Magtymgulydan bir şygyr okap beriň — diýýär

 

şonda şahyrlaryň biri Magtymgulynyň:

 

                        Mollalar ahyret sözün söýlärler:

                       “Müňkür bolma, boljak işlerdir bular”.

                        Kim biler ki ahyretde neýlärler,

                        Iýip, içip, münüp, guçup öt ýagşy̧

 

  -diýen bendini okaýar. Bu setirler molla ýaraman, hüňürdäp, bularyň ýanyndan gidiberýär.

 

Toplan:  Türkmenistanyň Agrar partiýsynyňp Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni Baýramkulyýewa Gurbangül