Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy – öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde olaryň aňyna baky yşyk bolup ornaşdy. Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş türki dilli halklaryň hem edebiýatynyň taryhynda ähmiýeti has ýokary bolup, adamzat bilimleriniň hazynasyna möhüm goşant goşup, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şahyryň goşularynda öňe sürlen ynsanperwerlik, watansoýüjilik, agzybirlik we jebislik pikirleriniň üç asyrdan bäri dünýäniň aglaba ýurtlarynyň şahyrlary we alymlary üçin nusgalyk ýörelge bolup hyzmat edip gelýär.
Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynda XVIII-XIX asyrlarda Türkmenistanda ýaýran eserleriniň saklanyp galan nusgalyk golýazmalary hem bar. Bu miras türkmen halkynyň we tutuş türki halklaryň, Merkezi Aziýa we Ýewropa edebiýatynyň dilden-dile geçen seýrek golýazmalarydyr. Magtymgulynyň goşgulary ynsanperwerligiň, watançylygyň, agzybirligiň we jebisligiň senasy ýaly bolup, köp ýurtda alymlar we şahyrlar üçin gollanma bolup duýar. Bu ýygyndylar Magtymgulynyň ýakyn garyndaşlaryndan, obadaşlaryndan, şahyrlardan, alymlardan şeýle hem halk aýdymçylary bolan – bagşylardan göçürilen 80-den gowrak diwandan ybarat. Şeýle hem şahyryň golýazma eserleriniň nusgalary häzirki wagtda Daşkentiň, Sankt-Peterburgyň, Londonyň, Budapeştiň, Stambulyň gaznalarynda saklanýar we olaryň käbiri XVIII asyra degişli bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň gymmaty diňe bir milli edebiýatda däl eýsem, dünýä edebiýatynyň hem aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkdagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň, medeni diplomatiýanyň üsti bilen ýurdumyzda türkmen nusgawy şahyry, filosofy Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamak, düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak işleri giňden alnyp barylýar. Ýurdumyzda taryhy mirasy gorap saklamak babatynda giň tejribe toplanyp, bilelikde hyzmatdaşlygyň medeni we ynsanperwer ugurda ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Bu gün Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä ýaň salýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 24-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Ýerine Ýetiriji Geňeşiniň Pariž şäherinde geçirilen 216-njy mejlisinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ÝUNESKO-nyň “Dünýä hakydasy” atly halkara sanawyna goşuldy. Bu hödürnama ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparyň Sekretariaty tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen bilelikde taýýarlanyldy. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ýokarda agzalan halkara sanawyna biziň ýurdumyzdan girizilen ilkinji ýazuw ýadygärligidir.
“Dünýä hakydasy” maksatnamasy ÝUNESKO tarapyndan 1992-nji ýylda döredilip, ol ýurtlaryň we halklaryň gadymy ýazuw ýadygärliklerini goramak üçin halkara ähmiýetli - kagyz, audiowizual, sanly görnüşde möhüm we gymmatly resminamalaryň ýygyndysyny ýa-da başga görnüşini özünde jemleýär. Maksatnama resmi taýdan medeni mirasy bütin dünýäniň halk köpçüligine has elýeterli etmegi maksat edinýär.
Şeýle hem şu ýylyň 27-nji maýynda ÝUNESKO-nyň Ýerine Ýetiriji Geňeşiniň 216-njy mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny» 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde belleniljek ýubileý seneleriň sanawyna goşmaga ygtyýar bermek barada karar kabul edildi. Bu barada gutarnykly çözgüdiň 2023-nji ýylyň noýabrynda geçiriljek ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň dowamynda yglan edilmegine garaşylýar.
Geçen ýyl Türkmen wekiliýeti Bursa (Türkiýe Respublikasy) şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri barada TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň Milli toparlarynyň ýygnagyna gatnaşyp, 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň akyldary beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly” hökmünde yglan etmek hakyndaky karary biragyzdan kabul edildi. Umuman, türkmen filosofy we şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolmaklygy beýik söz ussadynyň şahyrana mirasynyň ähmiýetiniň has-da uludygyny tassyklaýar. Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary Watanymyzyň taryhy-medeni mirasyny aýawly gorap saklamaga we ony dünýä ýaýmaga gönükdirilen bolup, ol ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegine getirdi we dünýä milletleri tarapynda giň goldawa eýe boldy. Bularyň ählisi – Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň we bütin adamzat jemgyyýetiniň bähbidine alyp barýan medeni dilomatiýasynyň beýik ýeňşi hökmünde dabaralanýar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap komitetiniň başlygy G.Abdyýewa