Dänew etrabynyň Watan obasynyň medeniýet öýünde Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň, Dänew etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň we Dänew etrabynyň Watan obasynyň medeniýet öýüniň guramaklarynda geçirilen bu dabara döredijilik işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.
Täsirli çäräniň dowamynda ýazyjy-şahyrlar 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi, beýik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň ýurdumyzda we halkara derejesinde ýokary derejede bellenilmegi üçin alnyp barylýan giň gerimli işler, akyldar şahyrymyzyň watançylyga, merdi-merdanalyga, ynsanperwerlige, ynsan häsiýetlerine, halallyga, ýokary ahlaklylyga ýugrulan arşy paýhasly goşgulary, onuň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, tutuş adamzat üçin ähmiýeti barada çykyş etdiler.
Çykyşlarda 2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejede dabaraly bellener. Ýeri gelende aýtsak, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etdi. Dünýä ýüzünde giňden tanalýan türkmen şahyrynyň ýadygärliklerini diňe Türkmenistanda däl, eýsem Russiýada we Türkiýäniň merkezinde-de görmek bolýandygyny aýtdylar.
Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şunuň ýaly belent derejede tutulmagy hormatly Gahryman Arkadagymyzyň beýik akyldaryň döredijiligine iňňän ýokary baha berýändigi bilen berk baglanşyklydyr. Halkymyzyň Magtymguly Pyraga bolan beýik söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik kalbyndan, çuňňur işlerinden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Çäräniň ahyrynda medeniýetimizi, sungatymyzy, beýik şahsyýetlerimizi dünýä ýaýmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň esasy hünärmeni Dilraba Şaýmerdanowa