Türkmen halkynyň asyrlar boýy özbaşdak we berkarar döwlet bolmak, asuda we agzybir ýaşamak hakyndaky arzuwlary beýik akyldary Magtymgyly Pyragynyň döredijiliginiň esasy özenini tutýar. Hut şoňa görä-de şahyryň ynsap, päklik erkinlik, adalatlylyk ýoly, umumy adamzat bähbitli pelsepe-garaýyşlary biziň Baş kanunymyza siňdi.
Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar şahyry Magtymgyly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň ýokarda goýulýan mukaddeslikleriniň biridir. Şoňa görä-de ýurdumyzda şahyryň pähim-parasatly şygyrlaryny has düýpli öwrenmek we ýörelge edinmek üçin şu günki kämil türkmen jemgyýetinde ony rowaçlandyrmak geljekki nesillerimize ýetirmek barada möhüm işler amala aşyrylýar. Her ýylyň 27-nji iýunynda şahyryň şygyrýet gününiň uly baýramçylyk hökmünde ýurdumyzda bellenmegi ýa-da 2024-nji ýylda bolsa onuň meşhur filosof, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry hökmünde Magtymgyly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygynyň ýurdumuzda şeýle hem halkara derejesinde örän giňden bellenip geçilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Biziň türkmen halkymyz Magtymguly atamyzyň berkarar döwlet gurmak hakyndaky pikirlerine uýup, millet hökmünde özüniň bütewiligini saklap galmagy başaran halkdyr, ol özüniň beýik akyldarynyň çuň pelsepesine, şygyrýet ummanyndaky ägirtligine uly hormat goýýar, şeýle tämiz we dury akabadan gözbaş alyp, ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýar. Şoňa görä-de Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ähli işlerimiz alynyp barylýan içeri we daşary syýasatymyz özüniň örän ajaýyp netijelerini berýär. Bu bolsa türkmen jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine uly mümkinçilikler döredýär, şeýle-de onuň melhem şygyrlary, tenekar sözleri ähli döwürde ulynyň-kiçiniň ruhyny tämizläp, bu owadan dünýä, durmuşa söýgi döredýär. Bu bolsa halkyň göwnüni belende galdyryp, tutuş türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygyny üpjün edýär.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bu gün diňe türkmen halkyna däl, eýsem tutuş adamzada ruhy lezzet berýär, şeýle-de ol durmuş bilen baglanşykly meseleler babatynda oýlandyrýar. Şonuň üçin-de onuň şygyrýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem ýer ýüzüniň ähli milletleri uly hormat goýýar. Onuň aýdym bolupdillerde ýaňlanýan, parasat bolup aňa siňýän ajaýyp şygyrlary dünýä dilleriniň ençemesinde terjime edildi.
Magtymguly Pyragy adamzat taryhynda söýülip sarpalanýan akyldar-şahyr bolmak bilen birlikde ol nusgawy türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döretmegi, özüniň ajaýyp eserleri bilen türkmen dilini we edebiýatyny täze belentliklere götermegi başaran şahyrdyr. Onuň döredijiligi türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünine öwrülen syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik we ruhy-ahlak garaýyşlara öwrülip nesilden-nesle geçýän özboluşly terbiýe mekdebidir, onuň şygyrlary ynsan saglygyna zerur bolan ähli gowy närseleri özünde jemleýän jana şypa berýän melhemdir.
Beýik akyldaryň “Berkarar döwlet islärin!” diýen arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen hasyl boldy. Onuň özbaşdak döwlet gurmak, watansöýüji bolmak, dost-doganlyk hakyndaky ideýalary ýurdumuzyň Baş kanuny bolan Türkmenistanyň Konstitusyýasynda doly öz beýanyny tapdy. Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä kartasynda asudalygyň we agzybirligiň mekany hökmünde orta çykdy. Beýik akyldaryň röwşen ideýalarynyň hakdygyny durmuş subut etdi. Bu gün akyldar şahyrymyzyň Watanymyza, halkymyza, adamzada bolan söýgüsiniň nyşany bolan, şirin-duýgulara, pähim- parasada eýlenen, adalatly jemgyýet, bagytly ýaşaýyş hakyndaky şygyrlary, dürdäne pikirleri biziň berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ýüreginiň joşguny, kalbynyň owazy bolup belentden-belent ýaňlanýar. Magtymgulynyň parasatly garaýyşlary döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanşygyny, halkymyzyň mizemez bütewiligini we agzybirligini üpjün edýän hem-de bir-biriniň üstüni ýetirýän gymmatlykdyr. Magtymgyly Pyragy indi 300 ýyla golaý wagyt bäri öz ady bilen hem-de gaýtalanmajak çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýär. Şoňa görä-de onuň mertebesi, onuň türkmeniň taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir, onuň şygyrlary bolsa döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem onuň gymmaty artyp, kalplara melhem bolup siňer, göwünleri ganatlandyryp, adamlary heýjana getirer, ýüreklerine, bedenlerine kuwwat berer, sussy pese ruhy ganat berer.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň hünärmeni Rozyhal Piriýewa