Şu günler ýurdumyzyň çar künjeklerinde we doganlyk döwletlerimiziň, ençemesinde Magtymguly Pyragynyňömür döredijiligine we doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp dabaraly çäreler, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşler, döredijilik bäsleşikleri uly ruhybelentlik bilen bellenilip geçilýär. Gurnalýan dabaraly çärelerde Magtymguly atamyzyň goşgulary dürli dillerde ýaňlanyp, bize ruhy güýç-kuwwat eçilýär, doganlyk ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy berkitmekde ruhy sütüne öwrülýär. Geçirilýän dabaraly maslahatlarda ýazyjy-şahyrlarymyz, Magtymgulyşynaslar şahyryň ömri we döredijiligi barada, dürli döwürlerde çap edilen goşgulary barada täsirli çykyşlar edip Magtymguly Pyragynyň şygarlarynyň çap edilişini üç döwre bölýärler. Olar XIX asyryň II ýarymyndan XX asyryň 20-nji ýyllaryna çenli I döwür, XX asyryň 20-nji ýyllaryndan XX asyryň 90-njy ýyllary aralygy II döwür, XX asyryň 90-njy ýyllaryndan häzirki Garaşsyzlyk döwrümiz II döwür diýip Magtymgulyny öwrenijiler öz çykyşlarynda belläp geçýärler. Mundan başgada çykyşlarda Magtymgulynyň goşgularynyň gudraty, adama edýän täsiri, şahyryň goşgularynyň her adama öz düşünjesine görä täsir edişi barada täsirli gürrüň berýärler. Magtymgulyşynaslar, şahyryň goşgularynyň muşdanlary Magtymguly Pyragynyň goşgularynda diňe özi barada gürrüň gozgalman eýsem onuň şygyrlary halkyň kalbyndan düzülip,süzülip öz döwrüniň wakalaryny açaçan sypatlandyryp halkyň ruhy sütünine öwrülendigini belläp geçýärler. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy mynasybetli gurnaýan dabaraly çärelerimizde Magtymguly atamyzyň bize miras goýan goşgularyny häzirki döwre ýetirmekde pederlerimiziň eden işleri barada söhbet açylyp çykyşlarda Nurmurat Suryhanowyň “Kitap” hekaýatynda Magtymgulynyň kitabyny Welmyrat aganyň öýündäki iň uly baýlygy bolan köşekli düýesine çalyşyşyny buýsanç bilen ýatlap geçýärler. Mundan başgada Magtymgulynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde täze kitaplaryny çap etmekde, öz ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda Magtymgulynyň adyny ebedileşdirmekde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçiren işlerini halkymyz buýsanç bilen ýatlaýarlar we Gahryman Arkadagymyza köp-köp alkyşlaryny aýtýarlar. Gara=syzlyk ýyllary içinde ata Watanymyz bilen deň hatarda doganlyk Türkiýe döwletinde, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde, Stawropol ülkesinde, Özbegistanda, Täjigistanda we ýene-de ençeme doganlyk ýurtlarynda Magtymgulynyň heýkeliniň gurulmagynda, seýilgähleriniň açylmagynda, öz ýurdumyzda we daşary ýurtlaryň şa ýollaryna Magtymgulynyň adynyň dakylmagynda, daşary ýurtlarda Magtymgulynyň adyny göterýän orta mekdepleriň açylmagynda, şahyryň dogfyk obasynda Magtymguly muzeýiniň açylmagynda, Köpetdagyň eteginde Magtymgulynyň äpet 60 metirlik heýkeliniň gurluşygyna, seýilgähiň döredilmegine badalga bermekde Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly atamyza goýýan belent sarpasy hakynda giňişleýin durup geçmek bilen öz halkyna peşgeş beren atalyk kitaplarynyň aglabasynda Magtymgulynyň goşgularyny tymsal getirip, şahyryň aklyna, onuň dürli temalardan ýazan ölmez-ýitmez şygyrlaryna, onuň beýik adamkärçiligine, Watançylyk duýgularyna, akyl-paýhasyna tagzym edýändigini biziň ýan kitaplarymyza öwrülen kitaplarynda belläp geçýär diýip uly hyjuw, uly buýsanç bilen belläp geçýärler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen goşgusy okalyp Magtymgula hormat goýmakda, onuň döredijiligine aň ýetirmekde, onuň beýikligini duýmakda we päk ýürekden şähyryň ruhy dünýäsine çuňňur aralaşmakda Gahryman Arkadagymyzyň şygyrynda täsin bir gudrata eýlenen ruhy güýç diýip çykyşlarda buýsanç bilen bellenilip geçilýär we şeýle ynsan kalbyna täsirli şygyry öz halkyna peşgeş berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza köp-köp alkyşlar aýdylýar.
Çykyşlarda Peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidenrimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň beýik münberinde çykyş edende we ata Watanymyzda geçirýän maslahatlarynda, ýygnaklarda, duşuşyklarda edýän taryhy çykyşlarynda hem Magtymguly atamyza uly hormat goýup, şahyryň goşgularyndan tymsallar getirişi, ýakynda öz halkyna peşgeş beren “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyldar şahyrymyza goýýan belent sarpasy barada buýsançly belläp geçýärler.
Hazirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda, yzygiderli aladalary netijesinde geçen ýylyň maý aýynda BMG-nyň ylym, bilim, medeniýet ugry boýunça komitetiniň ÝUNESKO-nyň “Dünýäň hakydasy” maksatnamasyna Magtymgulynyň golýazmalarynyň girizilendigi, TÜRKSOÝ guramasynyň 2024-nji ýyly türki döwletlerde Magtymguly Pyragy ýyly diýip yglan edişi we BMG-nyň ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýylda geçirjek dabaraly çäreleriniň sanawyna Magtymgulynyň 300 ýyllyk toýunyň hem girizilmegi türkmen halkyny üçin uly abraý-mertebedir diýip belläp geçdiler. Peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şu ýyl açyljak Magtymgulynyň äpet heýkeli hakynda, heýkeltaraş Sarahs Babaýewiň Magtymgulynyň heýkellerini gurmakda bitiren hyzmatlary hakda, Magtymgulynyň suratyny çeken Aýhan Hajyýew hakynda, 1940-njy ýyllarda Berdi Kerbabaýewiň eserine ilkinji gezek Magtymgulynyň sahnada, kino sungatynda şekilini janlandyryp halka ýetiren artistler hakynda, häzirki wagtda hem magtymgulynyň keşbini döreden artistlerimiz barada söhbet açylyp, olara uly sagbolsunlar aýdyldy,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow