Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Medeniýet halkyň kalýydyr.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli medeniýetimizi ösdürmek, dikeltmek, dünýä ýaýmak barada giň möçberli işlere badalga berildi. Ata Watanymyzda milli medeniýetimizi tirsegine galdyrmak, dünýä ýaýmak maksatly halkara maslahatlarynyň, sergileriniň geçirilmegi netijesinde halkymyzyň milli medeni gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetiniň arasynda özboluşly, täze arabaglanyşyk emele geldi. Şonuň bilen bir hatarda ýurdumyzda bu ugurda möhüm ähmiýetli ençeme kanunlar kabul edildi. Muňa “Türkmenistanyň taryhynyň we medeniýetiniň ýadygärliklerini goramak hakynda”, “Muzeýler we muzeý işi baradaky”, “Medeni gymmatlyklary goramak we ýurt daşyna çykarmak baradaky”, “Medeniýet hakynda” birnäçe işlenilip düzülen kanunlar aýdyň subutnamadyr.

Bize taryhy çeşmelerden mälim bolşy ýaly, dürli müňýyllyklaryň dowamynda Türkmenistan öz geografik ýerleşişi boýunça “Siwilizasiýalaryň çatrygynda” ýerleşip, dünýä medeniýetinde öz täsirini galdyrypdyr. Ata Watanymyzyň çäginden “Beýik ýüpek ýolunyň” geçmeginde, milli medeniýetimiz bilen dünýä medeniýetiniň arabaglanyşykly ösmegine öz täsirini ýetiripdir. Gadymy döwürlerde Türkmenistanyň çäklerinde örän baý we köp harytly bazarlary bolup, olarda dürli dillerde gepleýän halklaryň wekilleri söwda edipdir. Muňa Merwiň, Nusaýyň, Amulyň, Köneürgenjiň bazarlaryny mysal getirse bolar.

Atalar pentlerinde “Haýsy halkyň ýaşaýyş durmuş derejesini biljek bolsaň, olaryň ilki bilen bazarlaryna nazar aýlamaly” diýen gözýetime baý pentlerine eýerip geçmişde-de pederlerimiziň öz zamanlarynda bolelinlikde ýaşaýandyklaryna göz ýetirýärsiň. Muňa Merwiň, Nusaýyň, Amulyň, Köneürgenjiň dünýä ýan salan bazarlaryny mysal getirse bolar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň çäklerinde halkara arhiologik barlaglaryň netijesinde tapylan taryhy tapyndylar Türkmenistanyň Mesopotamiýa, Müsür, Hindistan, Hytaý ýaly ynsan kowumynyň sallançaklarynyň merkezleriniň birine öwrülendigi taryhy hakykatdyr.

Merwde dünýäde iň uly kitaphananyň hereket edenligi we dünýä alymlarynyň, jahankeşdeleriniň bu kitaphana barada ajaýyp ýatlamalary bize galdyryp gitmekleri, ata Watanymyzda geçmişde ylmyň ýokary derejä ýetendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Dünýä ylymlarynyň döremegine, ösmegine öz täsirlerini ýetiren Ibn Sina, Al Biruni, Al Farabi ýaly ençeme alymlaryň şu toprakda kemala gelendigi-de biz üçin buýsançly hakykatdyr.

Gymmatly medeni mirasyň ähli möhüm ýadygärliklerini gorap saklamak üçin Türkmenistanda döwlet taryhy medeni goraghanalaryň 8-si hereket edýär. Olaryň hatarynda “Nusaý”, “Abiwerdi’, “Gadymy Merw”, “Köneürgenç’, “Atamyrat”, “Gadymy Dehistan” goraghanalary girýär.

Ýurt möçberinde häzirki döwürde arhiologiýa we binagärlik sungatyna degişli bolan taryhy ýadygärliklerimiziň 1200-den gowragynyň döwlet ýazgysyna hasaba alynmagyda ata Watanymyzyň “Açyk asmandaky muzeýdigine” aýdyň şaýatlyk edýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirýän giňmöçberli işler netijesinde taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň ençemesi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hem doly ykrar edildi. Muňa gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ÝUNESKO-nyň “Dünýä mirasy” sanawyna goşulmagy aýdyň subutnamadyr.

Mundan başga-da Garaşsyzlygymyzyň geçen 32 ýylynyň içinde ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän birnäçe taryhy ýadygärliklerinde halkara guramalary bilen türkmen binagärleriniň bilelikde işlemeginde abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi. Muňa Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Daýahatyn” kerewensaraýynda amala aşyrylan gurluşyklaryň, dikeldiş işleriniň mysalynda-da aýdyň göz ýetirýäris.

Gahryman Arkadagymyzyň milli medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirýän işleri netijesinde ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasynyň sanawyna “Küşdepdi” tansymyzyň we “Görogly” şadessanymyzyň, Halymyzyň girizilmegi bizi has-da buýsandyrdy.

Häzirki wagtda dünýäniň medeni gymmatlyklarynyň sanawyna “Garagum” sähramyzyň, Köýtendagyndaky dinozawrlaryň yzlarynyň we beýleki ýadygärliklerimiziň girizilmegi üçin degişli işler geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen medeniýetini, sungatyny, milli gymmatlyklarymyzy, bagşy-sazandalarymyzy içgin öwrenmegimiz maksatly öz halkyna birnäçe kitaplary peşgeş etdi. Bu kitaplar biziň ýankitaplarymyza öwrülip, dünýä halklarynyň birnäçe dillerine çap edildi. Türkmen medeniýetini giňden şöhlelendirýän Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda bahasyna ýetip bolmajak akyl hazynamyza öwrüldi.

Milli Liderimiz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynda “Häzirki zamanyň köki geçmişde, şahalary bolsa gelejekdedir. Halkyň medeniýeti şol emele geliş döwründäki netijedir. Däp-dessurlarymyz, halkyň aňynda asyrlarboýy ýaşap gelýän tymsallardyr-hekaýatlar, gadymyýetden bäri aýdylyp gelinýän rowaýatlar şu günden geljege barýan köprüniň diregidir, söýegidir. Dünýäde ynsanperwerligi ýaşadýan iň asylly ýörelgeleriniň kökleri medeniýetde ýaşaýar” diýip türkmen medeniýetiniň döreýşi, durmuşdaky orny barada sada dilde bize düşündirýär.

Ýurdumyzyň taryhy-medeni goraghanalarynyň çäklerinde örän giň we çuň ylmy-barlag konserwasiýa, bejeriş we rejeleýiş, abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Bu işler ÝUNESKO-nyň, Dünýä mirasynyň gaznasy BMG-nyň ösüş maksatnamasy, şeýle-de bu ugurda iş alyp barýan beýleki halkara guramalary, jemgyýetleri bilen bilelikde durmuşa geçirildi.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi öwrenmek, ösdürmek, giňden dünýä ýaýmak boýunça durmuşa geçiren maksatnamalaýyn işlerini Arkadagly Serdarymyz üstünlikli durmuşa geçirýär.

Muňa “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadag şäherinde bellenilip geçilýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde milli medeniýetimizi, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň giňden wagyz edýän, mertebelerini beýgeldýän dabaraly maslahatlaryň, aýdym-saza beslenen çäreleriň, söhbetdeşlikleriň, sergileriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Ýurdumyzda zehinli aýdymçylary, sungat işgärlerini seçip-saýlap almaga giň şertler döredýän “Merdana nesil’, “Iň eýjejik çagajyk”, “Ýaňlan Diýarym”, bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen bäsleşik, ýudumyzda ýazyjy-şahyrlaryň, suratkeşleriň, nakgaşlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikler, ata Watanymyzda medeniýet, sungat işgärlerine, döredijilik adamlaryna uly hormat goýulýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

 Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň esasy hünärmeni Jeren Kulyýewa