Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Merjen paýtagtymyzyň tarypy

               Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda aýgytly gadamlar bilen bilen öňe barýan halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ak şäherim Aşgabat” atly täze ajaýyp kitabyny sowgat aldy. Gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllyk toýunyň bellenýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň bu kitabynyň halkymyza gowuşmagy bahasyna ýetip bolmajak özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Täze kitap paýtagtymyz baradaky taryhy maglumatlara baýlygy, buýsançlylygy, çuňňur many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Täze eserde Aşgabat parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dost-doganlygyň, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň şäheri bolup uludan dabaralanýar. Bu gymmatly kitap gözel paýtagtymyzuň buýsanç senasydyr. Adyndan belli bolşy ýaly  bu kitap paýtagtymyzyň binagärlik gözel keşbini,  bu günki ýeten belent derejesini beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz täse kitabynyň başynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerini getirmek bilen nusgalyk edebiýatymyzyň nesilleri baglanyşdyrýan uly güýjüni aýan edýär.  

          Täze kitap alty bölümden ybarat bolup, paýtagtymyzyň taryhyny, binagärlik aýratynlygyny, geçmişini, geljegini özünde jemleýär. Täze eserde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzy ösdürmekde gazanylan üstünlikleri hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Bu eseri okan her bir okyjy hormatly Arkadagymyzyň ýiti zehinine, häzirki zamanyň ösen şähergurluşyk ylymlaryndan baş çykaryp, iň täsin taslamalary durmuşa geçirmek ussatlygyna göz ýetirýär, häzirki zamanyň gurluşyk, binagärlik işleri baradaky täze düşünjeler bilen ýakyndan tanyş bolýar. Kitabyň Aşgabadyň dürli künjeklerinden düşürilen ýokary hilli fotosuratlar bilen bezelmegi bolsa ony okanyňda, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň, egsilmez yhlasynyň netijesinde barha gözel keşbe eýe bolýan merjen paýtagtymyza gaýybana syýahat eden ýaly buýsançly duýgyny döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň  pähim-paýhasyndan dörän  “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitaby Aşgabada bolan beýik söýgüni hem-de buýsanjy has-da joşduryp, bagtyýar nesilleri agzybirlik, watançylyk, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde, şeýle-de berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda belent maksatly beýik işlere ruhlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.

          Şu günler güneşli Diýarymyzda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň şanyna tutulýan baýramçylyk çäreleriniň dabarasy belende galýar.  Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň bu şanly senesi bilen ähli halkymyzy, paýtagtymyzy ösdürmek babatda beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlaýarys. Her bir baýramçylyklaryň öňüsyrasynda özüniň mähriban halkyny täze eserleri bilen begendirip hem buýsandyryp durýan Gahryman Arkadagymyzyň  jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Aýnatäç Nedirowa,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň  Balkan welaýatynyň

 Balkanabat şäher komitetiniň esasy hünärmeni