Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni

Nowruz diňe bir baharyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, topragyň janlanýandygyny hem lamatlandyrýar. Bu sene adamlaryň arasynda ylalaşyklygyň berkarar bolýandygyny äşgär edýär. Ýüreklere ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birge ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir.

Pasyllaryň soltany bolan bahar paslynda döwlet derejesinde toýlanýan Milli bahar baýramy biziň bagtyýarlyk döwrümiziň ruhuna has hem kybap gelýär. Ýurdumyzda Milli bahar baýramy diýlip atlandyrylýan Nowruz baýramy 1992-nji ýyldan bäri bellenilip gelýär. Ata-babalarymyzyň milli gymmatlyklaryna, edebi we medeni mirasyna, däp-dessurlaryna çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň bu gadymy baýramy 2009-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň fewral aýynda geçen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde bolsa Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň biziň ýurdumyz bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygynyň netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny goldap teklip etmegi bilen her ýylyň 21-nji martyny halkara Nowruz güni diýip yglan etmeklik barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Merkezi Aziýanyň 5 döwletinde-Türkmenistanda, Gazagystanda, Özbegistanda, Täjigistanda, şeýle hem Azerbaýjanda Nowruz umumy dynç güni diýlip yglan edildi.

Nowruz baýramy köp millietleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär.

Türkmen halkymyz Milli bahar baýramyny – Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen dabaraly ýagdaýda belleýär.

Halkymyzda Nowruz saçagyny dürli we tagamly nygmatlar, köpdürli naharlar bilen bezemek dessury gadymdan bäri dowam edýär. Nowruz saçagyna goýulýan naz-nygmatlaryň syrly güýje eýedigine ynanypdyrlar. Şolaryň biri-de Nowruz semenisidir. Mundan başga-da türkmenler Nowruz saçagynda palaw, süýtli aş, dänik, bulamak, noýbaly unaş, mäşewe, Nowruz ýarmasy, Nowruz köjesi ýaly tagamlary goýýarlar.

Şeýle eşretli zamany peşgeş berip, bolelin durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Marýam Ibadullaýewa