Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Milli bahar baýramynyň gadymy taryhy.

Milli bahar baýramynyň gadymy taryhy.

Nowruz güni dost-doganlygyň, birek-birek bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, beýik ynsanperwerligiň, asuda hem rahat durmuşyň yşaratyny alamatlandyrýan parahatçylygyň pederlerden miras galan gadymy baýramdyr. Nowruz baýramynyň umumyadamzadyň içki dünýäsinde döredýän bu ajaýyp ruhy alamatlary döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň milli ýörelgelerine hem gabat gelýär. Türkmen halky Nowruz baýramyny uly şatlyk-şowhun bilen garşylaýar. Gözelligiň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň we joşgunly ýaşaýşyň bu nurana baýramy häzirki günde dünýäniň ençeme halklaryny birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, dostluga we hoşniýetlilige çagyrýan halkara baýramydyr.

Nowruz baýramy Oguz han Türkmeniň döwründen bäri uly şowhun-şagalaňa beslenip bellenilip gelnipdir. Maglumatda bellenişine görä, Oguz han dünýä gelende, baglar gül açyp, daragtlar we ösümlikler al-ýaşyl öwsüp, tebigat janlanyp, ýaşyl begrese bürenýär Nowruz gününden başlap ene tebigatdaky ähli barlykda janly-jandarlarda we ösümliklerde oýanyş, täzeleniş, ösüş-ulalyş, ajaýyp bir tebigy ýagdaý içki galkynyş ýüze çykýar. Mukaddes ene topragymyzda uklap ýatan tohumlar, kökler, pyntyklar güneşiň maýyl şöhlelerinden güýçli alyp herekete-janlanmaga howlugýarlar. Bahar paslynyň Nowruz günündäki şular ýaly ajaýyp tebigatynda türkmen gelin-gyzlary milli halk döredijilik eserlerimiziň bir görnüşi bolan monjugatdylary döredipdirler. Monjugatdylar türkmen gelin-gyzlary tarapyndan her ýyl Nowruz-gadymy türkmen senenamasy boýunça ýyl çalşygynda ýerine ýetirilen soň, oňa kalendar şygryýeti hem diýlipdir. Gadymy döwürlerde Nowruz baýramy mynasybetli monjugatdy aýdan ene-mamalarymyzyň täze ýyl arzuwynda ýurdumyzyň häzirki zaman baky Bitaraplyk syýasatynyň many-mazmun özenini düzýän oňyn garaýyşlar öz beýanyny tapypdyr. Hut şu nukdaýnazrdan-da, Nowruz-türkmen milletiniň iň gadymy döwürlerden bäri tutuş halk bolup, parahatçylygy we hoşniýetli hyzmatdaşlygy ündeýji uly dabaralara besläp belläp geçýän iň naýbaşy baýramlarynyň biridir.  Hormatly Prezidentimiziň ylham gözelliginden gözbaş alyp gülleýän Watanymyzyň şöhratly ösüşlerine buýsanyp ýaşaýan bagtyýar türkmen halky gözellik baýramy bolan Nowruzda şatlyk-şowhuna beslenýär. Adamlar bir-birlerini mähirli gutlaýar. Bu ajaýyp baýramda ata-babalarymyzdan gelýän däbe eýerilip, maşgalada giňden ýazylan saçaklar dürli-dümen naz-nygmatlar, datly tagamlar bilen bezelýär, semeni taýýarlanylýar. Gadymy rowaýatlara görä, ilkinji bolup semenini Bibi-Patma (Aýşa-Patma), Muhammet Pygamberiň gyzy, aýal-gyzlaryň howandary. Semenini taýýarlan türkmen gyzy paýlan ýakyn garyndaşlaryna-goňşularyna şu ýylyň dowamynda arzuwlary hasyl bolýar. Gadymy döwürlerde semenini esasan ekilen bugdaýyň tohumyndan taýýarlanylýardy. Emeli gaplarda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý, ýazda ekmäge taýynlanýan tohumlaryň hilini barlamaga mümkinçilik berdi. Bugdaý gowy bişip, islendik ululykda ulalyp, bu gowy hasylyň dörejekdigini aňladýar. Kämahal arpa ýaly beýleki dänelerden hem semeni taýýarlanýardy. Semeni, adatça, 20-21-nji martda bellenilýän Nowruz baýramyndan 2 hepde öň taýýarlap başlaýarlar. Bugdaýy topda peýnirde ýygnalyp, birnäçe gün çyglaýarlar. Şol bir wagtyň özünde suwy her gün çalşylýar. Siňmek prosesi gutarandan soň, bugdaý tabaha ýa-da  islän azyk gaba goýulýar we yzygiderli suw sepilýär. Diňe 20-nji martynda semeni 20 sm aralykda üýtgäp, isleýän beýiklige çenli ösýär.  Semeni hökman öýde ösdürilmeli, şu ýyl öýde bolçulyk we abadançylyk bolsun diýip hasaplanylýar. Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler bazarlarda taýýar semeni almak nädogry hasaplanýar. Semeni taýýarlamagyň ýörite dessuryna “semeni toýy” diýilýär we däp bolan milli aýdymlar we tanslar bilen bilelikde bolýar.

Baharyň buşlukçysy bolan Nowruz baýramy gadym eýýamlarda ata-babalarymyzy tebigat bilen ýakynlaşdyran bolsa, biziň göwünlerimizi adamzat gymmatlyklaryna bolan hormat, sarpa, söýgi bilen baýlaşdyrýar.

 

Marýam Ibadullaýewa

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň esasy hünärmeni