Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Milli gymmatlyklaryň sowgat berilmegi her bir zenany begendirýär, buýsandyrýar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Şu ýylyň 3-nji awgust güni türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Türkmen döwlet muzeýine barmagy, bu ýerde milletiň käbesi Ogulabat ejäniň ören alajalaryny hem-de ony örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat bermegi biz zenanlary diýseň begendirýär buýsandyrýar. Manyly ömrüni nesil terbiýesine, gelin-gyzlarmyzyň el işleriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine   bagyş eden Ogulabat ejäniň ýol ýörelgesi ähli zenanlara nusgalyk mekdep bolup durýar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň käbesi agtyklary bilen Türkmen halysynyň muzeýine baryp, bu ýerde haly  çitimini çitip, darak kakyp, agtyklaryna haly dokamagyň inçe syrlary barada gürrüň bermegi, haly dokamakda ussatlyk derejesine ýetendigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber aladasy bilen gelin-gyzlarmyzyň el işlerine uly baha berilýär. Türkmen halyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu günki gün zenanlarymyz ene-mamalarymyzdan miras bolup gelýän el işleriniň ähli görnüşlerini dowam etdirmek,  zamanabap täzeçe öwüşgünlerde baýlaşdyrmak, geljek nesillere galdyrmak boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýärler. Gelin-gyzlarmyzyň üme dessury ene-mamalarymyzdan galan el işlerini dowam etdirilmegine, ýaşlara öwretmekligine uly mümkinçilik berýär. Zenan mertebesini belende göterýän, zenanlara uly sylag hormat goýýan, ene mamalarymyzdan miras bolup gelýän gelin-gyzlarmyzyň el işleriniň döwrebap derejede ösdürilmegi üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun her bir tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 Gülhumar   HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar  partiýasynyň  Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç  etrap  komitetiniň esasy hünärmenizenanlar guramasynyň işjeň agzasy.