Türkmenistanda köpugurly döwlet syýasaty üstünliklere beslenýär. Onuň çäklerinde amala aşyrylýan beýik işler, biri-biriniň üstüni ýetirýän şanly wakalar ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, halk köpçüligine Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleriň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilýän taryhy çözgütleriň möhüm ähmiýetini düşündirmek boýunça Daşoguz şäher häkimligi, TAP-nyň Daşoguz şäher komiteti, TDP-niň Daşoguz şäher komiteti bilelikde “Halk Maslahaty-döwletli ýörelgelere badalga” atly maslahaty geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulylar, mährem eneler, welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylyr. Maslahatda il sylagly ýaşuly Baýrammyrat Allanazarow , mährem ene Ogulboldy Amanýazowa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýeňiş Haýytjanow, TAP-nyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni Gurbangül Baýramkulyýewa, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow, TMÝG-niň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy Sabyrgeldi Begow dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyjemgyýetimizde halkymyzy jebisleşdiriji güýje eýe bolmak bilen, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň binýatlyk esaslaryny kesgitleýär. Milli döwletliligi, kanuny hukuklary we ýörelgeleri berkitmekde Halk maslahatynyň orny örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady berkden tutulan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowaçlanýan beýik işler berkarar döwletimiziň bedew bady bilen öňe gitmeginde, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginde uly ähmiýete eýedir diýip belläp geçdiler. Maslahatyň ahyrynda halkymyzyň abadançylygynyň bagtyýar gelejeginiň bähbidine gije gündiz aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni Gurbangül Baýramkulyýewa.