Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

MÖHÜM MÖWSÜME TAÝARLANÝAR

Boldumsaz etrabynda galladan boşan ýerlerde sürüm işini geçirmek we geljek ýylyň hasyly üçin däne ekişine taýarlamak işine jogapkärlei çemeleşilýär. Häzirki günler bu işler üns merkezinde bolup, meýilnama easynda alnyp barylýar. Şunda sürüm geçiriji tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmakda aýratyn tagallalar edilýär.

Sürümde etrabyň Oba hyzmat önümçilik kärhanasynyň, daýhan birleşikleridir daýhan hojalyklrynyň kämil tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Etrabyň Gökçäge, Döwletli, 10ýyl Abadanlyk, daýhan birleşiklerinde we Buýsanç tugy daýhan hojalygynda süsüm işleri has guramaçylykly ýola goýulupdyr. Sürümde ýokary öndürüjilikli traktorlaryň bökdençsiz işledilmegi gazanylýar. Mehanizatorlar tehnikalryna ussatlyk bilen erk edip, bu işe saldamly goşant goşýarlar. Şol bir wagtyň özünde däne ekişinde ekiljek tohumlaryň taýarlygyna uly ähmiýet berilýär. Häzirki işler ekiş möwsümine ýokary derejedäki taýarlyklar bilen barmaga şert döredýär.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy Jumakow Ýusup