Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl ösdürip ýetişdirmek, ýurdymyzda azyk bolçylygyny döretmek Köneürgenç etrabynyň zähmetkeşleriniň baş maksady bolup durýar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly Arkadagly Serdarymyz ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini has-da gowlandyrmak boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň Oba hojalyk pudagynda amala aşyrýan işleri bu günki gün özüniň guwandyryjy netijelerini berýär. Saçaklarymyz mele mysyk nandan doly bolmagy, ak bazarlarymyz ter gök bakja miwe önümleri bilen doly bolup, bazar bolçylygynyň döredilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda Köneürgenç etrabynyň zähmetsöýer babadaýhanlary bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm tekizleme işlerini geçirmek, gowaçalara, gök bakja ekinlerine göwnejaý ideg etmek ýaly möwsümleýin meýdan işleriniň ählisini utgaşykly dowam etdirýärler. Bugdaýdan boşan meýdanlary sürmekde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň dürli kysymly tehnikalarynyň 23-sanysy gatnaşyp, bu tehnikalar iki çalşykda işledilýär. Ähli tehnikalara köp iş ýyllyk tejribesi bar mehanizatorlar we kömekçi mehanizatorlar berkidilip, olar tehnikalaryň hemişe saz işlemegini gazanýarlar. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasy tarapyndan döredilen göçme abatlaýjy toparlar hem iş üstünde zerur tehniki hyzmatlary görkezýärler. Tehnikalary ätiýaçlyk şaýlar, ýangyç we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjin edýärler. Ähli işleriň sazlaşykly guralmagy netijesinde her güni etrap boýunça 230-250 gektar ýerde çuň sürüm işi geçirilýär. Şeýle-de sürlen ýerleri tekizlemekde hem etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň tehnikalarynyň 12-sanysy gatnaşyp, her güni 150-180 gektar ýerde tekizleme işi talabalaýyk geçirilýar. Atyzlaryň endigan tekizlenmegi aýratyn ähmiýete eýe. Çünki endigan tekizlenen ýerler suwdan mazaly ganmagyna, suwyň tekiz düşmegine uly mümkinçilik berýär. Ýerleri sürmekde, tekizlemekde etrabymyzyň Täzegüýç, Akgala, Bereket, Derýalyk daýhan birleşikleri öňde barýar. Kärendeçi daýhanlar hem özleriniň garamagyndaky ýerleriň gyra töwereklerinde, çillerde, suw geljek akabalarda arassaçylyk işlerini geçirýärler. Çillerde, atyzlaryň gyra töwereklerini otlardan, suw geljek akabalary gyrmançalardan arassalaýarlar. Etrabymyzda güýzlik bugdaý ekişine ähli taraplaýyn taýýarlyk işleriniň mümkinçilik berýär.
Köneürgenç etrabynyň pagta kärendeçileri 18 müň gektar ýerde gowaça ösdürip ýetşdirýärler. Etrabymyzyň ähli daýhan birleşikleriniň agzybir işçi hünärmenleriniň çekýän öndürjilikli zähmeti netijesinde gowaçalaryň ideg garaşyk işleri öz wagtynda ýokary hilli geçirilýär. Otag, ýekeleme, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýan berijilerden goramak ýaly ägrotehniki çäreleriň ählisiniň talabalaýyk geçirilmegi netijesinde gowaçalar kadaly boý alyp, bol hasyl toplaýarlar. Häzirki wagtda bolsa gowaçalara ösüş suwyny tutmak işi barha ýokary depginlerde barýar. Gowaça ýerleri suwarmakda suw soryjylaryň onlarçasy hereket edip, olaryň gije-gündiziň dowamynda saz işledilmegi gazanylýar. Suw tutyljak ýerlere joýa, ok salmalary çekmekde daýhan birleşikleriň tehnikalary işledilýär. Her güni ýüzleçe gektarda ösüş suwy tutylyp, daýhan birleşiklerň miraplary, topar ýolbaşçylary suwyň talabalaýyk tutylşyna gözegçilik edýärler, suwdan rejeli peýdalanmaga çalyşýarlar. Etrabymyzyň Maslahat Galkynyş, Akgala, Kyrkgyz, Zaman daýhan birleşikleri gowaçalara ideg etmekde aýratyn tapawutlanýarlar.
Gülhumar HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni