Merdana ata-babalarymyzyň arzuwlan zamanasynda - Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadygymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň pähim parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara, taryhy we şanly senelere beslenýär. Adamzadyň medeni ösüşiniň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramynyň milli däp-dessurlarynyň binýady köpasyrlyk taryhy bolan halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine daýanýar. Bu baýram türkmeniň haýyr-sahawatlylyk, ýokary ruhy-ahlak, pähim-paýhas gymmatlyklaryny giňden dabaralanýar.
Görnüşi ýaly, musulman halklarynyň, şol sanda türkmenleriň häzirki döwürde giňden belleýän Gurban baýramynyň döreýiş kökleri örän irkidir. Ol hut Oguz nesilleriniň ruhy däbidir. Ol yslam dini tarapyndan kabul edilip, has kämilleşdirilip, baýram görnüşine öwrülýär. Araplar Gurban baýramyny Ybraýym we onuň ogly Ysmaýyl bilen bagly meşhur rowaýat bilen utgaşdyryp, gadymy ýörelgäniň yslam dünýäsindäki mertebesini has-da berkidýär. Baýramyň gadymy ruhy däp-dessurlarynyň köpüsi biziň günlerimize çenli ýöredilip gelindi. Baýramçylyk, adatça, üç günläp dowam edýär.
Başyny gadymyýetden alyp gelýän Gurban baýramyny agzybirlikde we jebislikde bellemek türkmen halkynyň asylly däpleriniň biridir. Baýramy bellemegiň däpleri nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetirilipdir.
Bellep geçsek, Gurban baýramy yslam dünýäsindäki iki sany esasy baýramyň biri bolup, ol beýleki bir möhüm baýram – Oraza baýramyndan 70 gün soňra bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiz nesilleriň ruhy terbiýesiniň we köňül tämizliginiň gönezligi bolan milli däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmek, olary döwrebap ösüşe ýugrup, durmuşa ornaşdyrmak üçin uly aladalar edýär. Ynha, uly arzuw-umytlar bilen garşylap, ýagşy dilegler bilen bellenilýän Gurban baýramy agzybir halkymyzyň milli däp-dessurlary täze röwüşde dabaralandyrylýar.
Şu ajaýyp pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Külli türkmen halkymyzy toý-baýramlaryň goşa-goşadan gelýän berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe garşylanýan Gurban baýramy bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn!
Öz halkyna şeýle eşretli zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň hünärmeni Gadam Öwezow