Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiziň Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz toýdur-baýramlara beslenýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny gorap saklamak we täzeden dikeltmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Tebigatyň täzelenýän döwrüniň, ýagny bahar paslynyň buşlukçysy bolan Nowruz baýramy Türkmen halkynyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Garaşsyz Diýarymyzda Halkara Nowruz baýramy her ýyl uly joşgun bilen bellenilip geçilýär.
Pasyllaryň soltany bolan bahar paslynda döwlet derejesinde toýlanýan Milli bahar baýramy biziň bagtyýarlyk döwrümiziň ruhuna has hem kybap gelýär. Ýurdumyzda Milli bahar baýramy diýlip atlandyrylýan Nowruz baýramy 1992-nji ýyldan bäri bellenilip gelýär. Ata-babalarymyzyň milli gymmatlyklaryna, edebi we medeni mirasyna, däp-dessurlaryna çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň bu gadymy baýramy 2009-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň fewral aýynda geçen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde bolsa Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň biziň ýurdumyz bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygynyň netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny goldap teklip etmegi bilen her ýylyň 21-nji martyny halkara Nowruz güni diýip yglan etmeklik barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Merkezi Aziýanyň 5 döwletinde-Türkmenistanda, Gazagystanda, Özbegistanda, Täjigistanda, şeýle hem Azerbaýjanda Nowruz umumy dynç güni diýlip yglan edildi.
Hormatly Prezidentimiziň: “Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhymyzy, baý milli mirasymyzy, şu günki durmuşymyz bilen berk sazlaşdyrmak, şeýle-de dünýä medenýetiniň genji-hazynasyna goşant bolýan medeni we taryhy gymmatlyklary öwrenmek, wagyz etmek hem-de olara dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.” diýen belent hyjuwly jümlelerinden mälim bolşy ýaly, bu gün türkmen kalby hem ykbaly gülleýär, gül açýar we halkara derejesinde täze belentliklere göterilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gülleýän, gül açýan Berkarar döwletimiziň owadan baharlary her bir öýe, her bir maşgala bagt, rysgal-bereket, abadançylyk getirsin! Türkmen baharlarynyň röwşen ýalkymy asyrlardan-asyrlara bagt şuglasyny saçsyn! Milli bahar baýramyňyz gutly bolsun, mähriban adamlar!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň esasy hünärmeni Jeren Kulyýewa