Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Nowruz geldi Arkadagly Diýara

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz pähim-paýhasy, öňdengörüjiligi, dünýä nusgalyk belent ynsanperwerligi netijesinde ata Watanymyzyň her bir güni toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Bu gün halkymyz Milli bahar baýramyny – Halkara Nowruz gününi şatlyk-şowhun bilen agzybirlikde belleýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Tebigatyň ynsan kalbyna ruhubelentlik, şatlyk, jümle - jahana direliş hem-de täzeleniş bagyş edýän çagynda - pasyllaryň soltany baharda döwlet derejesinde ýurt asudalygynda, il agzybirliginde, ruhubelentlikde, jebislikde bellenilýän Milli bahar baýramymyz biziň täze zamanamyzy aýratyn bezeýän şanly seneleriň biridir» diýip nygtaýşy ýaly, bahar iň bir buýsançly pasyllaryň biridir. Gözellige we nuranalyga beslenýän bu owadan pasyl ajaýyp türkmen tebigatynyň bezegidir.

«Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz» diýýän halkymyzyň köklerini gadymdan alyp gelýän däp-dessurlarynda dost-doganlyga, agzybirlige, jebislige bolan arzuw-islegleri jemlenipdir. Ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsini açyp görkezýän edim-gylymlaryň, däp-dessurlaryň, adatlaryň esasyndanam milli baýramlar döräpdir. Asyrlar geçdigiçe ol baýramlar kämilleşdirilip, bagtyýarlyk döwrümizde bolsa täze röwüş bilen millilige beslenýär. Şolaryň biri hem Nowruz baýramy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy tarapyndan , «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda», «Ýerde Nowruz hormaty» diýlip waspy ýetirilen bu baýram dünýäniň köp halklary tarapyndan uly dabaralar bilen bellenip geçilýär. Öz köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gelýän, «täze gün» diýmegi aňladýan Nowruz Omar Haýýam, Abu Reýhan Biruni, Abdyrahman Jamy, Abulkasym Ferdöwsi, Magtymguly... ýaly söz ussatlarynyň döredijiliginde öz beýanyny tapypdyr.

«Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli» diýlişi ýaly, babadaýhanlar bereketli topraga tohum taşlap, ekin ekipdirler. Nowruzda ekerançylyk bilen meşgullanylýan ýerlerde däneli ösümliklere uly ähmiýet berlipdir, olaryň ýedi görnüşi, ýagny bugdaý, arpa, dary, tüwi, mäş, noýba, nohut saýlanyp alnypdyr we şolardan tagam taýýarlanypdyr. Bu bolsa ekinleriň bereketli bolmagyny alamatlandyrypdyr.
Maldarçylyk bilen meşgullanýanlar dowarlardan owlak-guzy alypdyrlar, süýtli aş bişirilip, goňşy-golama hödür edilipdir. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlişi ýaly, dowarlardan alynýan owuz süýdi ýylyň bereketli geljekdigini aňladypdyr hem-de çarwadarlaryň esasy önüminiň - süýt-gatygyň bol boljakdygyna ynam döredipdir. Gurply adamlar bolsa mal soýup, sadaka beripdirler ýa-da soýlan janlynyň etini gün-güzerany pes adamlara paýlapdyrlar. Mundan başga-da, çagalar üçin hiňňildikler dikilip, baharyň ilkinji güllerinden, bark urýan otlaryndan bezäpdirler, dert-belalaryň dep bolmagy yrym edilip, üzärlik tütedilipdir.

«Nowruz güni irden ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolar», «Nowruz güni Äşe-Patmaň aşy hasaplanýan semeni taýýarlanyp, ýedi öýe paýlansa, rysgal-berekedi on esse artyk bolup gelermiş», «Baýram güni ot ýakyp, kim onuň üstünden bökse, ähli bela-beterlerden halas bolarmyş» ýaly ynanç-yrymlary, nakyllary, monjukatdylardyr läleleri döreden halkymyzyň bu baýrama örän ähmiýet berendigine aýdyň göz ýetirýärsiň.

“Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bagtyýar halkymyz uly şatlyk şowhun bilen Milli bahar baýramyny - Halkara Nowruz gününi belleýär. Bereketli, sahawatly topragymyzda öndürilen gök önümlerdir milli tagamlar bilen bezelen desserhanlar giňden ýazylýar, milli oýunlar, aýdym-sazyň owazy bilen sazlaşykly tanslar ýerine ýetirilýär. Güneşli Diýarymyzda tutulýan toýlar göreni haýrana goýýar. Şunuň ýaly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Prezidentimiziň adyna aýdylýan alkyş sözleri bolsa dillerde aýdym bolup ýaňlanýar. Baýramyňyz gutly bolsun, eziz adamlar!

Sapaýewa ANANÝAZ,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň

 Balkan welaýat komitetiniň

esasy hünärmeni